22.07.2024ý.

      

Dillerde Dessan Pyragy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýarlygyň hözirini görüp ýaşamak her bir ýaş nesil üçin bahasyna ýetip bolmajak bagtdyr. Tomuz paslynyň gelmegi bilen güneşli ükämiziň gözel künjeklerindäki dynç alyş merkezlerinde  dynç alýan çagalar her bir günlerini şadyýan, şowhunly geçirýärler. Şeýle dynç alyş merkezleriniň biri hem “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky “Daýanç” dynç alyş we sagaldyş merkezidir.

Türkmenbaşy şäheriniň merkezi şäher kitaphanasynyň kitaphanaçylary “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyna bagyşlanan “Daýanç” dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda bolup, “Dillerde dessan Pyragy” atly Magtymguly Pyragynyň goşgularyny we ussat şahyrymyzy wasp edýän goşgulary ýatdan, labyzly aýtmak boýunça çeper okaýyş geçirdiler. Kitaphanaçylar beýik şahyryň ömri we döredijiligi, goşgularyndaky watansöýüjilik, mertlik, halallyk,deňsiz taýsyz şygyrýet mirasy barada täsirli gürrüň berdiler.  Çagalar uly höwes bilen ussat şahyryň goşgularyny joşgunly, labyzly, buýsanç bilen aýdyp berdiler. 

Sapaly künjekde dynç alýan çagalar özleriniň bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaşlar bolup ýetişmekleri ugrunda alada edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çaga ýüreklerinden sagbol aýdýarlar.