18.09.2024ý.

 

Garaşsyzlyk bagt getirdi halkyma

“Garaşsyzlyk bagt getirdi halkyma” – atly Balkan welaýat kitaphanasy we Balkanabat şäheriniň saglygy
goraýyş işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň geňeşi bilen bilelikde şanly Garaşsyzlyk baýramynyň 33-
ýyllygyna bagyşlap edebi-çäre geçirildi. Çärede çykyş edenler hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň galkynyşy
döwründe ähli pudaklar boýunça beslenýänligi we halkara abraýynyň belende galýanlygy, dünýä
döwletleri bilen dostlukly, parahatçylykly syýasy, ykdysady gatnaşyklaryň has dabaralanýanlygy
baradaky çykyşlara giň gerim berildi.

9.08.2024ý.

 
"Magtymguly Pyragy-Şygyry paýhas ummany"

"Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy" ýylynda Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän halk bähbitli beýik işleri açyp görkezmek hem-de giňden wagyz etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan ministrligiň garamagyndaky kitaphanalardan öňdebaryjy, ökde, ýaş wagyzçy kitaphanaçylary ýüze çykarmak maksady bilen "Magtymguly Pyragy-Şygyry paýhas ummany" ady bilen geçirilýän hünär bäsleşigi Balkan welaýat kitaphanasynda kitaphanaçy hünärmenleriň arasynda geçirildi. Balkan welaýatynyň kitaphanaçy hünärmenleri bäsleşigiň şertleri boýunça çykyş etdiler. Bäsleşikde tapawutly çykyş eden Türkmenbaşy, Balkan welaýat kitaphanasy, Hazar şäheriniň kitaphana hünärmenleri baýrakly orunlara mynasyp boldular. Hünärmenlere Balkan welaýat Kärdeşler arkalaşyklarynyň, gymmat bahaly sowgatlary, Balkan welaýat kitaphanasy tarapyndan Hormat hatlary gowşuryldy.

 

 

 

22.07.2024ý.

      

Dillerde Dessan Pyragy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýarlygyň hözirini görüp ýaşamak her bir ýaş nesil üçin bahasyna ýetip bolmajak bagtdyr. Tomuz paslynyň gelmegi bilen güneşli ükämiziň gözel künjeklerindäki dynç alyş merkezlerinde  dynç alýan çagalar her bir günlerini şadyýan, şowhunly geçirýärler. Şeýle dynç alyş merkezleriniň biri hem “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky “Daýanç” dynç alyş we sagaldyş merkezidir.

Türkmenbaşy şäheriniň merkezi şäher kitaphanasynyň kitaphanaçylary “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyna bagyşlanan “Daýanç” dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda bolup, “Dillerde dessan Pyragy” atly Magtymguly Pyragynyň goşgularyny we ussat şahyrymyzy wasp edýän goşgulary ýatdan, labyzly aýtmak boýunça çeper okaýyş geçirdiler. Kitaphanaçylar beýik şahyryň ömri we döredijiligi, goşgularyndaky watansöýüjilik, mertlik, halallyk,deňsiz taýsyz şygyrýet mirasy barada täsirli gürrüň berdiler.  Çagalar uly höwes bilen ussat şahyryň goşgularyny joşgunly, labyzly, buýsanç bilen aýdyp berdiler. 

Sapaly künjekde dynç alýan çagalar özleriniň bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaşlar bolup ýetişmekleri ugrunda alada edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çaga ýüreklerinden sagbol aýdýarlar.


19.07.2024ý.

    

Magtymguly Pyragy-Jemşidiň jamy

Şu gün Balkan welaýat kitaphanasynyň Miras otagynda kitaphana işgärleri, Balkanabat şäheriniň Saglygy goraýyş işgärleriniň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Geňeşi bilen bilelikde “Magtymguly Pyragy-Jemşidiň jamy” atly maslahat geçirildi. Maslahatda çykyş eden kitaphana , saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy, goşgulary hakynda çykyş etdiler. Mahriban Arkadagymyzyň Arkadagly Serdarymyzyň tagallasy bilen Magtymguly Pyragynyň 300-ýyllygy bu ýylda bellenmegi mynasybetli Aşgabat şäherinde dag eteginde şahyryň heýkeliniň oturdulmagy türkmen halkyny begendirdi. Çykyş eden kitaphana işgärleri şahyryň täze açylan heýkeli barada hem giňişleýin çykyş etdiler. Magtymguly Pyragynyň watançylyk, gahrymançylyk hakyndaky goşgulary hem okaldy. Mähriban  Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyzyň halk bähbitli alyp barýan işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.

26.06.2024ý.

  

Milli medeniýetiň we sunagtyň sarpalanýan zamany- Magtymguly pyragynyň arşa galan eýýamy

Balkan welaýat kitaphanasy Medeniýet we jemgyýet işgärleriniň  hem-de Magtymguly Pyragynyň Şygryýet güni mynasybetli "Milli medeniýetiň we sungatyň sarpalanýan zamany - Magtmguly Pyragynyň arşa galan eýýamy - ady bilen aýdym sazly edebi çäre geçirdi. Çäre medeniýet we sungat işgärleri, mugallymlar, Balkan welaýat sungat mekdebiniň talyplary hem-de orta mekdep okuwçylary gatnaşdylar. Çärede çykyş edenler gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan halkymyzyň kämil medeniýete eýe bolup, milli mirasyny gorap saklap, ösdürip, kämilleşdirip gelinenligi, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň medeniýet ulgamy bilen baglanşykly edýän çuň manyly çykyşlary, ylmy seljermeleri we çeper eserleri milli medeniýetimiziň has-da pajarlap ösmegine uly itergi berýänligi dogrusyndaky gürrüňler edildi. Mekdep okuwçylary bolsa Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryny labyzly okap berdiler. Çäräniň dowamynda Sungat mekdebiniň bagşy-sazandalarynyň ýerine ýetiren şirin owazly aýdymlary çärä aýratyn öwüşgin çaýdy.

1.06.2024ý.

 **Türkmenistanda Çagalar Gününiň Bellenilmegi: Çagalaryň Geljegi üçin Alada**

Türkmenistanda her ýylyň 1-nji iýunynda Çagalar Gününi giňden we şatlykly belläp geçmek däbe öwrüldi. Bu baýramçylyk, mertebesi belent Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de Arkadagly Serdarymyzyň dowam edýän döwlet syýasatynyň çäklerinde, ösüp gelýän nesilleri terbiýelemek we olaryň sagdyn hem-de bilimli bolmagyny üpjün etmek maksady bilen geçirilýär.

Balkan welaýat kitaphanasynda hem bu uly baýramçylyk mynasybetli dürli çäreler gurnaldy. Kitaphanamyzyň ähli bölümlerinde çagalar üçin kitap sergileri, okamak we ýazmak boýunça bäsleşikler, hem-de dürli medeni çäreler guraldy. Bu çäreler çagalaryň bilim we medeniýet derejesini ýokarlandyrmak, okamak we ylmy öwrenmäge bolan höwesini artdyrmak maksady bilen geçirilýär.