26.06.2024ý.
Milli medeniýetiň we sunagtyň sarpalanýan zamany- Magtymguly pyragynyň arşa galan eýýamy
Balkan welaýat kitaphanasy Medeniýet we jemgyýet işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň Şygryýet güni mynasybetli "Milli medeniýetiň we sungatyň sarpalanýan zamany - Magtmguly Pyragynyň arşa galan eýýamy - ady bilen aýdym sazly edebi çäre geçirdi. Çäre medeniýet we sungat işgärleri, mugallymlar, Balkan welaýat sungat mekdebiniň talyplary hem-de orta mekdep okuwçylary gatnaşdylar. Çärede çykyş edenler gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan halkymyzyň kämil medeniýete eýe bolup, milli mirasyny gorap saklap, ösdürip, kämilleşdirip gelinenligi, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň medeniýet ulgamy bilen baglanşykly edýän çuň manyly çykyşlary, ylmy seljermeleri we çeper eserleri milli medeniýetimiziň has-da pajarlap ösmegine uly itergi berýänligi dogrusyndaky gürrüňler edildi. Mekdep okuwçylary bolsa Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryny labyzly okap berdiler. Çäräniň dowamynda Sungat mekdebiniň bagşy-sazandalarynyň ýerine ýetiren şirin owazly aýdymlary çärä aýratyn öwüşgin çaýdy.