5.03.2025ý.

 

Biz-Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri

  Balkanabat şäheriniň 12-nji  orta mekdebinde Balkan welaýat kitaphanasy tarapyndan“Biz-Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri” atly göçme sergi gurnaldy. Sergide serilen  Gahryman Arkadagymyzyň  Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döreden eserleri we çeper eserleri mekdep okuwçylana bagyşlandy. Mekdep okuwçylary bilen kitaphana işgärleriniň arasynda syn berilen edebiýatlara  sorag-jogap arkaly dowam edilip, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “ Ýaşlar- Watanyň daýanjy” atly kitabynda zähmetsöýerlik, dogruçyllyk, tertiplilik,dostanalyk, jogapkärçilik ýaşlarda irki döwürlerden kemala getirilýän häsiýetliligi barada gürrüň berildi. Çagalyk döwründe alynan päk terbiýe bolsa şahsyýetiň kemala gelmeginiň doly derejede döredijilikli durmuşynyň pugta binýady bolup durýar.

 

3.03.2025ý.

 

Bilbil owazly aýdymçy

Balkan welaýat kitaphanasy we Balkan welaýat ýörite sungat mekdebi bilen bilelikde “Türkmen bilbili”- diýip at alan Medeniýet Şahberdiýewanyň ömri we ýerine ýetirijilik ussatlygyna bagyşlap “Bilbil owazly aýdymçysy” atly edebi-sazly çäre geçirildi.

    Çärede Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly GahrymanSerdarymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde milli medeniýetimizi, sungatymyzy kämilleşdirmekde sungat äleminde äçmejek yz galdyran şahsyýetlerimizi ýatlap halypa şägirtlik ýoluny ösdürmekde aýdym-saz sungatyny dünýä ýaýmakda örän uly işleriň durmuşa geçirilýändigi dogrusynda şeýle-de hem ussat halypa Medeniýet Şahberdiýewanyň ýerine ýetirijiligi barada buýsançly gürrüňler edildi. Halypanyň ýolyny dowam etdirýän şägirtleriň ýerine ýetiren şirin owazly aýdymlary çärä gatnaşanlara lezzet paýlady. Çäräniň dowamynda oňa gatnaşanlar “Türkmen bilbili”- diýip at alan halypanyň örmi we döredijiligine bagyşlap gurnalan kitap sergisine syn etdiler.


25.02.2025ý.

 

Ýazyň-güýzüň şahyry

 Balkan welaýat kitaphanasynda  Balkan welaýat kitaphanasy tarapyndan Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gurbannazar Ezizowyň doglan gününiň 85 ýyllygyna bagyşlanyp “Ýazyň-güýzüň şahyry” ady bilen edebi-sazly çäre geçirildi. Edebi-sazly çärä Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyplary, mekdep okuwçylary, Balkan welaýat  Drama teatrynyň artisti, kitaphana hünärmenleri gatnaşdylar. Çärede şahyr Gurbannazar Ezizowyň ömri we döredijiligi, şygyrlarynyň türkmen edebiýatynda tutýan orny dogrusynda çykyş edildi.Gurbannazar Ezizow geçen asyryň altmyşynjy, ýetmişinji ýyllarynda şygryýetde ýiti zehini, döredijilik aýratynlyklary, täzeçilligibilen öz galamdaşlaryndan düýpli parhlandy. Gurbannazar Ezizow ХХ asyr türkmen realistik şygryýetini mazmun taýdan baýlaşdyrdy.

      Şahyryň goşgularyny mekdep okuwçylary uly höwes bilen okadylar. Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyplary bolsa şahyryň goşgularyndan aýdyma öwrülen aýdymlary ýerine ýetirdiler.

    Çäräniň dowamynda kitaphanaçylar tarapyndan “Şygryýet äleminiň öçmez çyragy” atly kitap sergisi gurnaldy. Sergidäki birnäçe kitaplara syn berildi.

Milli mirasymyza, beýik şahsyýetlerimize uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, beýik işleri rowaç bolsun!

24.02.2025ý.

Parahatlyk sungat bilen gül açýar

Balkanabat şäheriniň 16-njy orta mekdebinde Balkan welaýat kitaphanasy tarapyndan “Parahatlyk sungat bilen gül açýar” atly göçme sergi gurnaldy. Sergide Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp eserleri goýuldy.Kitaphana işgärleri türkmen halkynyň taryhyny açyp görkezýän ajaýyp eserleri barada giňişleýin gürrüň berdiler.Bu ajaýyp eserler ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň ylymlarynyň, bilimleriniň kämilleşmegine uly goldaw bolýar.Mekdep okuwçylary sergini uly höwes bilen synladylar.

17.02.2025ý.

 

”Halkara  parahatçylyk  we ynanyşmak ýyly baş şygarymyz”

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak  ýylynda” Gahryman  Arkadagymyzyň  Arkadagly  gahryman Serdarymyzyň  ýolbaşçylygynda ýurdumyzda  Halkara diplomatik  güni bellenilip geçilýär. Şol mynasybetli şu gün Balkan welaýat  kitaphanasynda ”Halkara  parahatçylyk  we ynanyşmak ýyly baş şygarymyz” atly duşuşyk  talyp ýaşlar  bilen  geçirildi. Halk diplomatiýasy  taryhyň ilkinji döwürlerinden başlap halklaryň arasyndaky  taryhy, medeni  umumylykly  gatnaşyklarda bolupdyr. Bu günki günde Bitarap döwletimizde diplomatiýa has-da  giň gerime eýe bolýar. Daşary döwletler bilen diplomatik gatnaşyklaryň netijesinde halk bähbitli, döwlet ähmiýetli işler amala aşyrylýar. Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda diplomatik hünär boýunça talyplar bilim alýarlar, olar   ýurdumyzda diplomatiýanyň  ösmeginde  öz  goşantlaryny  goşýarlar. Çykyş  eden kitaphana işgärleri, mugallymlar şular barada giňişleýin gürrüň berdiler. Talyp ýaşlar kitaphananyň sergilerine syn etdiler,özlerini gyzyklandyrýan kitaphana, kitap hakynda  özlerini  gyzyklandyrýan soraglary berip kitaphanaçylar bilen sorag-jogap alyşdylar. Bizi ajaýyp durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň ArkadaglyGahryman Serdarymyzyň janlary sag ,ömürleri uzak bolsun.

7.02.2025ý.

 

“Kitaphana-paýhas hazynasy

  Balkan welaýat kitaphanasynda kitaphana işgärleriniň gatnaşmaklarynda Balkan welaýat kitaphanasy “Kitaphana-paýhas hazynasy” ady bilen hoşallyk maslahaty geçirildi. Hormatly Prezidentimiz “Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy” hem-de bu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny tassyklady.

   Maksatnamanyň esasy wezipesi ýurdumyzda kitaphana işini döwrebaplaşdyrmakdan, halkymyzyň ruhy we medeni äň-bilimini artdyrmakdan, giň okyjylar köpçüligine döwrebap hyzmat etmekden ybaratdyr. Täze tehnologiýalaryň asyry bolan häzirki döwürde ösüp gelýän ýaş nesillerimize döwrebap ylym-bilim bermek, olaryň dünýägaraýşyny ösdürmek üçin elektron kitaphanalaryň işini tizleşdirmek, munuň üçin zerurçäreleri durmuşa ornaşdyrmak meseleleri hem bu maksatnamada aýratyn möhüm orny eýeleýär. Çykyş eden kitaphana işgärleri ýurdumyzda kitaphana ulgamyny ösdürmek maksady bilen kabul edilen Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagy ugrunda mundan beýläk-de yhlaslaryny gaýgyrmajakdyklary dogrusynda aýtdylar.      

3.02.2025ý.

 

Türkmeniň sirk sungaty dünýä dolýar

“Türkmeniň sirk sungaty dünýä dolýar” ady bilen Balkan welaýat kitaphanasynda söhbetdeşlik geçirdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyş döwründe türkmeniň uçar ganatyna deňelýän bedewiniň dünýäde şöhratynyň has-da belende galýandygyny “Galkynyş”milli at üstündäki oýunlar toparynyň 2025-nji ýylyň ýanwar aýynyň 17-26-sy aralygyndaMonakanyň Monte-Karloda geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda guwandyryjy netijeleri gazanyp Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp boldy. Bu ajaýyp üstünlik behişdi bedewlere sarpa goýan halkymyzyň ýürek buýsanjyny artdyrdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Monako Knýazlygyna sapary döwründe geçirilen festiwalda milli atçylyk sungatymyzyň dünýä ýaýylýandygyna aýdyň subutnamasy boldy.

Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyza içeri we daşary syýasaty goldaýan, dünýäniň halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da berkitmekde alyp barýan işleriniň rowaçlyga beslenýändiginiň aýdyň beýanydyr.

17.01.2025ý.

 

Gül Watana daýanýarys, arşda şany-şöhraty,Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany

Şu gün Balkan welaýat kitaphanasynda Balkan welaýat kitaphanasy tarapyndan Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli “Gül Watana daýanýarys, arşda şany-şöhraty,Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany”ady bilenedebi-sazly çäre geçirildi. 

Häzirki ajaýyp döwrümizde Türkmenistan dünýäde parahatçylygyň we ynanyşmagyň mekany hökmünde ykrar edilýär. Dünýäniň bu belent ynamy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallarynyň, beýik başlangyçlarynyň esasynda has-da pugtalandyrylýar.

Hormatly Prezidentimiziň dünýäde parahatçylygy dabaralandyrmak, özara ynanyşmak arkaly köptaraply hyzmatdaşlygy ýokary derejelere çykarmak ugrunda durmuşa geçirýän beýik işlerine dünýä bileleşigi diýseň ýokary baha berýär. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanyň ösüşiň täze belentliklerine çykýandygyny görkezýär. Asudalygy, parahatçylygy, özara ynanyşmagy hem-de deňhukukly gatnaşyklary öňe sürýän beýik başlangyçlar türkmen halkynyň taryhyna müdimilik altyn harplar bilen ýazyldy.

Edebi-sazly çärede kitaphanaçylar şular dogrusynda çykyş etdiler.

Çäräniň dowamynda Balkan welaýat Ýörite Sungat mekdebiniň talyplary öz aýdymlary bilen çykyş etdiler.

5.12.2024ý.

 
“Hemişelik Bitarap-Bagtyýar Watan”

Balkan welaýat kitaphanasy mejlisler zalynda Baky Bitaraplyk baýramynyň 19-ýyllygy mynasybetli “Hemişelik Bitarap-Bagtyýar Watan” ady bilen konferensiýa Balkanabat şäheriniň 15-nji orta mekdebiniň Mugallymlaryň, okuwçylaryň gatnaşmagynda geçirildi.Kitaphana işgäri Ogulbagt Elýasowa, Aşyrowa Gülalek, mekdep okuwçylary Hekimowa Leýli, Myradowa Bike öz çykyşlarynda Hemişelik Bitaraplygyň miweleri, hukuk ýagdaýlary hakynda giňişleýin çykyş etdiler. Mekdep okuwçylar Bitaraplyk hakynda goşgylar bilen çykyş etdiler. Çäräniň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň Bitaraplyk hakynda ýazan kitaplaryndan kitaphanaçylar bilen okuwçylardan sorag-jogap alyşdyrlar.Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy döwletimiziň alyp barýan ynsanperwer, parahatçylyk söýüjilik daşary syýasatynyň dabaralanýandygyny görkezýär. Bu bolsa Diýarymyzyň her bir raýatynyň ýüreginde parahatçylygy kepillendirýän nusgalyk işleri bitirýän hormatly Arkadagymyza, Arkadagly Serdarynyza tükeniksiz söýgi alklyş bar.

3.12.2024ý.


“Baky Bitaraplyk-türkmeniň bagty”

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzyň Hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolanyna 29 ýyl dolýar.  

Şol mynasybetli Balkan welaýat kitaphanasynda Balkan welaýat kitaphanasy, Balkan welaýatynyň welaýat çagalar sungat mekdebi, Balkanabat şäheriniň Saglygy goraýyş işgärleriniň Kärdeşler Arkalaşygynyň Geňeşi bilen bilelikde 12-nji dekabr-Hemişelik Bitaraplyk baýramyna “Baky Bitaraplyk-türkmeniň bagty”ady bilen edebi-sazly  çäre geçirdiler. Hemişelik Baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz batly ösüşler bilen özüniň nurana geljegine tarap aýgytly gadamlar bilen öňe barýar. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan syýasatynyň ynsanperwerlik, dost-doganlyk, hoşniýetlilik, bitaraplyk ýörelgelerineEdebi-sazly çärede kitaphana işgärleri, saglygy goraýyşyň işgärleri, Balkan Lukmançylyk orta okuw mekdebiniň talyplary Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan syýasatynyň ynsanperwerlik, dost-doganlyk, hoşniýetlilik, bitaraplyk ýörelgeleri barada çykyş etdiler. Çärä Balkan welaýatynyň welaýat çagalar sungat mekdebiniň “Nakgaş”, “Halyçylyk sungaty”, “Bagşyçylyk sungaty”, “Dutar” bölümleriniň okuwçylary öz sowgatlary bilen geldiler. “Nakgaş”, “Halyçylyk sungaty” bölümleri sergi gurnadylar. “Bagşyçylyk sungaty”, “Dutar” bölümleriniň okuwçylary Baky Bitaraplyk baýramyna bagyşlanyp aýdym aýtdylar. Çärä gatnaşanlar uly höwes bilen sergileri synladylar.