BIZIŇ TÄZELIKLERIMIZ

  • “Älem içre akyldar sen Pyragy”

    "Älem içre akyldar sen Pyragy" - Şeýle at bilen Balkan welaýat kitaphanasy we Balkan welaýat ýörite Sungat mekdebi bilen bilelikde aýdym-sazly edebi çäre geçirdi. Çärede çykyş eden myhmanlar 2024-nji ýylyň "Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy" ýyly diýlip atlandyrylmagy bu şygar akyldar şahyrymyzyň diňe bir Türkmenistan Diýarymyzda däl eýsem bütin dünýäde şan-şöhradynyň has-da belende göterilýänligi, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Milli mirasymyzy ylmy esasda öwrenmäge, meşhur şahsyýetlerimiziň adamzadyň öňünde bitiren beýik hyzmatlaryny halkara derejesinde dabaralandyrmak babatynda beýik işleriň durmuşa geçirilýänligi baradaky gürrüňlere uly ähmiýet berdiler.

  • “Arkadagly Serdar bilen arşa galýar Medeniýetim-Sungatym”

    Balkan welaýat kitaphanasynyň Sungat bölümçesi “Arkadagly Serdar bilen arşa galýar Medeniýetim-Sungatym” atly gürrüňdeşlik çäresi geçirildi. Çärede Berkarar Döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda medeniýet ulgamynyň döwrebap derejede ösdürmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýtýan baý taryhy-medeni mirasymyzy, milli-dessurlarymyzyň taryhyny düýpli öwrenmäge, ony giňişleýin wagyz etmek we dünýä ýaýmakda alyp barylýan işler dogrusyndaky gürrüňlere giň gerim berildi.

  • “Magtymguly Pyragy-çeper sözüň ussady”

    Balkan welaýat kitaphanasynda Balkan welaýat kitaphanasy, Balkanabat şäheriniň Saglygy goraýyş işgärleriniň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Geňeşi tarapyndan akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna Bagyşlap "Magtymguly Pyragy-çeper sözüň ussady" atly okyjylar konferensiýasy geçirildi. Okyjylar konferensiýasynda kitaphanaçylar, Saglygy goraýyş işgärleri çykyş etdiler. Gahryman Arkadagymyzyň beýik şahyra bagyşlap "Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy" şygryny döretmegi, şu ýylyň ""Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy" ýyly diýip atlandyryp, beýik akyldarymyza goýulýan hormat-sarpanyň beýikdigini aýdyň subut etdi. Beýik türkmen akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň arzuwlan bagtyýar zamany geldi. Bu gün külli türkmen halky Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan diýarynda erkana, bagtyýar, eşretli zamanada ýaşaýar. Okyjylaryny, diňleýjilerini agzybirlige, halallyga, gaýratlyga, ertirki gowy günlere ynamly bolmaga çagyran Magtymguly Pyragy XVIII asyrdan bäri türkmen halkynyň ruhy ganatydyr, şamçyragydyr, päk-ynsanperwer ýaşaýşa bolan berk ynamydyr.

  • “Akyldar şahyryň arzuwlan zamanasy”

    Balkan welaýat kitaphanasynda Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher geňeşi bilen Balkan welaýat kitaphanasy bilelikde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli "Akyldar şahyryň arzuwlan zamanasy" ady bilen tegelek stolda ýazgy geçirildi. Çärede esasan ýaş hünärmenler Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe "Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy" ady bilen şygar edilen ýylynda ýaşlaryň alyp barýan syýasaty barada şeýle-de ýaşlary kitaphana giňden çekmek barada Arkadagyň eserleriniň ýaşlarda galdyran täsiri barada gürrüň berdiler. Mundan başgada Magtymguly Pyragynyň täze neşir edilen kitaplary barada kitaphana işgäri çykyş etdi. Çäräniň ahyrynda Hormatly Prezidentimize Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

  • “Ýaşlar watanyň daýanjy”

    Balkan welaýat kitaphanasynda Balkan welaýat kitaphanasy bilen Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi tarapyndan Hormatly Prezidentimiziň "Ýaşlar watanyň daýanjy" atly ilkinji kitabyna tanyşdyryş dabara geçirildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öz mähriban halkyna "Ýaşlar watanyň daýanjy" atly kitabyny peşgeş bermegi, türkmen halkyny begendirdi, buýsandyrdy. Hormatly Prezidentimiziň gymmatly eserinde ýaşlaryň dürli ugurlarda ýeten belent sepgitleriniň, gazanan üstünlikleriniň giňişleýin beýan edilmegi, merdana nesillerimiziň döwletimiziň özleri hakynda edýän aladalaryna mynasyp jogap berýändikleriniň, bildirýän belent ynamy ödeýändikleriniň aýdyň nyşanydyr. Watany söýmegiň kämil nusgasyny görkezýän Hormatly Prezidentimiziň "Ýaşlar watanyň daýanjy" atly kitaby hem edebiýatymyzyň altyn hazynasyna giren ajaýyp eserdir. Döwlet Baştutanymyzyň ömürlerimizi bezeýän, göwünlerimizi gülledýän şeýle ajaýyp kitaplarynyň höwri köp bolsun!

  • “Ýaş türkmen zenanlary Berkarar döwletiň mertebe tugy”

    Balkan welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Zenanlar Birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Balkan welaýat kitaphanasynyň guramaklarynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-halkyna sowgat eden "Ýaşlar watanyň daýanjy" atly ilkinji kitaby esasynda eşret durmuşyň hözirini görüp ýaşaýan bagtyýar zenanlaryň arasynda "Ýaş türkmen zenanlary Berkarar döwletiň mertebe tugy" atly bäsleşik geçirildi. Bäsleşik üç şertden ybarat bolup, Bäsleşige gatnaşan bagtyýar zenanlar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sowgat eden "Ýaşlar watanyň daýanjy" atly ilkinji kitabyndan parçalary, däp-dessurlary, çeper el hünärini, milli keşdeçilik, halyçylyk sungatyny, kitabyň gelip gowşmagynyň şanyna toý tutup, kitap barada özlerinde galdyran täsirleri barada çykyş etdiler, Bäsleşigiň soňunda ýeňiji bolan zenanlara Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan sowgatlar gowşuryldy.

  • “Türkenistan parahatçylygyň watany”

    Balkan welaýat kitaphanasynda Balkanabat şäherindäki harby bölümleriň harby gullukçylaryň gatnaşmagynda "Türkmenistan parahatçylygyň watany" atly aýdym-sazly çäre geçirildi. Harby bölümleriň harby gullukçylaryň özleriniň çykyşlarynda parahatçylyk, watan hakynda aýdymlary, goşgulary aýtdylar. Kitaphananyň içinde gezelenç gurnadylar. Kitaphanaçylar hem kitap barada, kitaphana barada gyzykly gürrüňleri berdiler. Ýetip gelýän watan goragçylaryň baýramçylygy bilen Arkadag Gahryman Prezidentimizi Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy gutladylar.

  • “Reňklere siňen ömür”

    Balkan welaýat kitaphanasy, Balkan welaýat taryhy ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň halk suratkeşi Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi sungaty öwreniş ylymlaryň kandidanty professor Aýhan Hajyýewiň 100 ýyllygyna bagyşlap kitap sergi we aýdym-sazly dabaraly çäre geçirildi. Çäre-de çykyş edenler A.Hajyýewiň ömri we döredijiligi onuň döreden sungat eserleriniň çeperçiligi ajaýyplygy baradaky gürrüňler berildi. Ýaş bagşy sazandalaryň ýerine ýetiren şirin owazly aýdymlary çärä aýratyn öwüşgin çaýdy. Çärä gatnaşanlar suratkeşleriň surat eserleriniň sergisine syn etdiler.

  • “Pähim-paýhas ummany Magtymguly pyragy”

    Balkan welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar birleşiginiň Balkan welaýat Geňeşi tarapyndan, bilim işgärleriniň, medeniýet işgärleriniň, talyplaryň gatnaşmagynda 2024-nji ýylyň "Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy" diýip yglan edilmegi mynasybetli gezelenç gurnaldy. Kitaphanaçylar akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyraga bagyşlanan kitap sergisine syn berdiler. Mugallymlar, talyplar elektron ulgamy boýunça kitaplary okadylar. Magtymguly atamyzyň adalatly we berkarar döwlet, agzybir we durnukly jemgyýet, abadan we eşretli durmuş baradaky arzuwlary Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik taglymatlarynyň ruhy ýörelgelik binýady bolup durýar.

  • “Pähim-paýhas ummany Magtymguly pyragy”

    Balkan welaýat kitaphanasynda Balkan welaýat medeniýet müdirligi, Balkan welaýat kitaphanasy tarapyndan 2024-nji ýyly "Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy" ýyly diýip atlandyrylmagyna bagyşlanyp çäre geçirildi. Çärede medeniýet işgärleri çykyş etdiler. Häzirki ajaýyp döwrümizde milli gymmatlyklarymyz dünýä ýaýylýar. "Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy" ýylymyz milli mirasymyzy, nusgawy edebiýatymyzy dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredýär. Beýik Akyldaryň "Berkarar döwlet istärin" diýip, özbaşdak döwlet, halkymyzyň agzybir, asuda we abadan durmuşda ýaşamagy hakynda eden arzuwlary döwletimiziň Garaşsyzlygyna eýe bolmagy bilen doly hasyl boldy.

  • “Medeni mirasymyz dünýä ýaň salýar”

    Balkan welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş müzeýi, Balkan welaýat kitaphanasy bilen bilelikde, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň tabşyrygy esasynda, "Medeni mirasymyz dünýä ýaň salýar" ady bilen, aýdym-sazly döredijilik duşuşygyny geçirdi. Çäräniň dowamynda maddy däl medeni mirasyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilen gymmatlyklarymyzyň, sergisine syn etmek, çärä gatnaşyjylarda aýratyn täsir galdyrdy. Çäräniň ahyrynda, Maddy we ruhy gymmatlyklarymyzy öwrenmäge, hem-de wagyz etmäge giň mümkinçilikleri döredip beren, Türkmen halkymyzyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz Sag bolsunlar aýdyldy.

  • “Halkyň ynamy-aýdyň ýollaryň ýalkymy”

    Balkan welaýat kitaphanasynda, Balkan welaýat kitaphanasy tarapyndan Halkara Bitaraplyk gününiň 28 ýyllygy mynasybetli "Halkyň ynamy-aýdyň ýollaryň ýalkymy" ady bilen edebi-çäre geçirildi. Edebi çärede Hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiz pederlerimizden gözbaş alýan ynsanperwer ýörelgeleriniň durmuşa geçirilýändiginiň, ata-babalarymyzyň öz ygtyýarly döwlet, adalatly jemgyýet hakynda asyrlar boýy arzuw edip gelen mukaddes arzuwlarynyň amala aşandygy hakynda çykyş etdiler. Garaşsyz, Hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň halkara derejesindäki at-abraýyny arşa galdyran Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

  • “Ezber mukamçy-kompozitor”

    Balkan welaýat kitaphanasynyň Sungat bölümçesi Türkmen milli saz sungatynyň görnükli wekili, Sungatda at gazanan işgäri, halk artitsi Çary Täçmämmedowyň doglan gününiň 100 ýyllygyna bagyşlap "Ezber mukamçy-kompozitor" atly edebi-sazly çäre geçirdi. Çärä Balkan welaýat Sungat mekdebiniň mugallymlary, talyplary we kitaphanaçylar gatnaşdylar. Çärede çykyş edenler milli saz sungatymyzy ösdürmekde we kämilleşdirmekde sungat äleminde äçmejek yz galdyran Çary Täçmämmedowyň ömri we döredijiligi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda Sungat mekdebiniň bagşy-sazandalarynyň Çary Täçmämmedowyň döreden sazlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirmegi çärä aýratyn öwüşgün çaýdy.

  • “Şahyryň kalbyndan dörän goşgular”

    Balkan welaýat kitaphanasynda, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Şahyr Atamyrat Atabaýewiň doglan gününiň 75 ýyllygyna bagyşlanyp "Şahyryň kalbyndan dörän goşgular" ady bilen gürrüň geçirildi. Kitaphanaçylar Şahyryň ömri we döredijilik ýoly barada çykyş etdiler. Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýew joş urýan zamanamyzda durmuşa geçirilýän beýik işler hakynda, şol beýik ösüşler barada birnäçe poema we onlarça goşgular döretdi. Şahyryň goşgularynyň we poemalarynyň hemmesi ata watana arka, ene topraga aýak direýän eserler bolup, olaryň hemmesinde şahyryň öz nukdaý nazary, öz pelsepesi bar. "Sary sähraň ýaşyl göli", "Döwletli", "Maryda iki gün", "Arçman" ýaly poemalary şahyryň döwrüň sesine ses goşýandygyny alamatlandyrýar.

  • “Alabaý türkmen halkynyň milli buýsanjydyr”

    Balkan welaýat kitaphanasynda, Balkan welaýat medeniýet müdirligi bilen Balkan welaýat kitaphanasy tarapyndan türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli "Alabaý türkmen halkynyň milli buýsanjydyr" atly maslahat geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň pähim paýhasyndan syzylyp çykan "Türkmen Alabaýy" atly kitabynda: "Alabaý biziň milli buýsanjymyz. Alabaý biziň watanymyzyň baýlygy, ol biziň ata-babalarymyzyň döreden milli gymmatlygy. Ony gorap saklamak ähli ajaýyplygy bilen geljek nesillerimize ýetirmek biziň borjumyz" diýip belleýär. Türkmen alabaýy wepalylygyň tebigy nusgasydyr, batyrlygyň hem-de edermenligiň alamatydyr.

  • “Kitap adamzadyň köňül nagşydyr”

    Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Balkanabat şäher komiteti bilen Balkan welaýat kitaphanasynyň gurnamagynda "Kitap adamzadyň köňül nagşydyr"- atly talyp ýaşlaryň, okuwçylaryň, kitaphanaçylaryň arasynda maslahat geçirildi. Maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň yglan eden "Ýurdumyzda her ýylda kitap okamaklygyň bir aýlygyny yglan etsek, has göwne makul bolardy"- diýen başlangyjyndan ugur alyp "Kitap okamak-dünýä düşünmek" atly kitap okamagyň bir aýlygy boýunça geçirilen maslahatda Milli Liderimiziň, Ömrümiň manysynyň dowamaty-atly kitabynyň birnäçe bölümlerinden maslahata gatnaşan ýaşlaryň arasynda labyzly okap syn berdiler. Bu bolsa ýaş nesilleriň kitap okamaklygyna bolan höwesini has-da artdyrdy. Çäräniň soňunda Gahryman Arkadagymyzyň öz halkyna sowgat berýän ajaýyp kitaplarynyň höwrüniň köp bolmagyny arzuwlap alkyş sözlerini aýtdylar.

  • “KItap älemiň çyragy”

    Balkan welaýat kitaphanasynda Balkan welaýat kitaphanasy, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýat birleşmesi bilen bilelikde Balkanabat şäheriniň Bagçylyk müdirliginde zähmet çekýän kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzalarynyň gatnaşmamagynda "Älemiň çyragy kitap" ady bilen bäsleşik geçirildi. Adam kitap arkaly dünýägaraýşy giňeýär, kitaba bolan hormaty artýar. Kitabyň her bir adamyň ruhunda, aňynda terbiýelenýändigi maksady bilen bäsleşik geçirildi. Bäsleşik täsirli geçdi. Ýeňijilere Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýat birleşmesi tarapyndan sowgatlar gowşuryldy.

  • “Reňklere siňen ömür”

    Türkmenistanyň Halk suratkeşi Yzzat Gylyjowyň doglan gününiň 100-ýyllygyna bagyşlap "Reňklere siňen ömür"-atly Balkan welaýat kitaphanasynyň Sungat bölümçesi söhbetdeşlik geçirdi. Çärä kitaphanaçylar, Balkan welaýat sungat mekdebiniň talyplary gatnaşdylar. Çärede çykyş edenler Y.Gylyjowyň ömri we döredijiligi, sungat äleminde bitiren işleri, ýerine ýetiren nusgalyk surat eserleri barada giňişleýin söhbet etdiler.

  • “Watanyň geljegi bagtyýar ýaşlar”

    Balkan welaýat kitaphanasynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik işleri açyp görkezmek maksady bilen, "Watanyň geljegi bagtyýar ýaşlar" ady bilen hünär bäsleşigi geçirildi. Ol ýedi şertden ybarat bolup, öňdebaryjy hünärmenler iş tejribeleri, habar beriş çeşmeleriniň peýdalanyşynyň ýollary boýunça ukyp-başarnyklaryny ýüze çykardylar. Gyzykly geçen hünär bäsleşiginde Türkmenbaşy şäheriniň merkezi kitaphanaçysy Gülşat Ataýewa baş baýraga, Balkan welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçysy Eşanowa Ogulnar I oruna mynasyp boldular. Bäsleşige gatnaşan kitaphanaçylara Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň sowgatlary, Balkan welaýat kitaphanasyny tarapyndan hormat hatlary gowşuryldy.

  • “Ýaşyl dermanhanasy”

    Balkan welaýat kitaphanasynda Balkan welaýat kitaphanasy, Balkanabat şäheriniň saglygy goraýyş işgärleriniň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Geňeşi tarapyndan Türkmenistanyň saglygy goraýyş işgärleriniň güni mynasybetli türkmen topragynyň “Ýaşyl dermanhanasy” Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabyna söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde kitaphanaçylar, saglygy goraýyşyň işgärleri ynsan saglygyny gorap saklamak, sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmak babatynda anyk işleriň geçirilmegi dogrusynda çykyş etdiler. Sagdyn jemgyýet döwletiň berk binýadydyr.

  • "Joşlydyr ýürekler, belentdir başlar-Arkadag Serdarly Bagtyýar Ýaşlar"

    Balkan welaýat kitaphansynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Balka welaýat birleşmesi bilen Balkan welaýat kitaphanasy tarapyndan Mukaddes Garaşsyzlygyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli "Joşlydyr ýürekler, belentdir başlar-Arkadag Serdarly Bagtyýar Ýaşlar" ady bilen edebi-çäre geçirildi. Çärede Garaşsyzlygymyzy alanymyzdan bäri ýurdumyzda döwlet ähmiýetli edilen işler, ýetilen sepgitler dogrysynda çykyş etdiler. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan-Bu döwlet biziň halkymyzyň agzybirlik, döwletlilik, özbaşdaklyk baradaky telim asyrlyk arzuw maksatlaryndan bina bolandyr. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan-Bu döwlet hakykatdan-da, gülläp ösýän adamzada ýagşylyk nuryn saçýan beýik döwletdir.

  • "Garaşsyzdyr eziz ýurdum, arşa ýetdi bedew badyň"

    Bagtyýar, eşiretli, abadan hem asuda durmuşyň eýesi bolan türkmen halky berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda taryhy ösüşleriň şaýady bolup, toý-baýramlaryny ulydan toýlaýar. "Arkadag Serdarly Bagtyýar Ýaşlar" diýilip yglan edilen üstümizdäki ýylda hem toýlarymyz toýlara, baýramlarymyz baýramlara ulaşýar. Şu günler bolsa ýurdumyzyň ähli künjeklerinde baş baýramymyz bolan, Garaşsyzlyk baýramyna bagyşlanyp geçirilýän çäreler uly dabaralara beslenýär. Şu görkezilenlerden ugur alyp Balkan welaýat çagalar kitaphanasy we Balkanabat şäherindäki 1-nji kitaphana şahamçasy "Garaşsyzdyr eziz ýurdum, arşa ýetdi bedew badyň" ady bilen edebi-sazly çäre geçirildi. Çärä gatnaşanlar öz gezeklerinde bizi şeýle ajaýyp döwürde ýaşadýanlygy üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza sagbolsun aýtdylar.

  • "Kitaphana-Medeni mirasyň lokal merkezi"

    Balkan welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň bilim ylym we medeniýet boýunça guramasyna (YUNESKO) agzalyga kabul edilmeginiň 30 ýyllygy hem-de ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak hakyndaky Konwensiýanyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygy mynasybetli "Kitaphana-Medeni mirasyň lokal merkezi" atly maslahat geçirildi. Çärä esasan hem gözel Paýtagtymyzdan ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan dürli kärdäki hünärmenleri gatnaşdylar. Şeýle-de Türkmenistanyň Gahrymany, YUNESKO-nyň işleri barada TÜrkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary, Çynar Rüstemowa kitaphanamyzda myhmançylykda boldy. Kitaphanalaryň ösüşi barada örän täsirli gyzykly gürrüň berdi.Kitaphanaçylaryň arasynda sorag-jogap pikir alyşdylar. Çäräniň ahyrynda kitaphanada Heýkeltaraşlaryň, Gahryman Arkadagymyzyň, Magtymguly Pyragynyň kitaplaryndan gurnalan birnäçe sergilere syn etdiler.

  • "Arkadag Serdarly Bagtyýar Ýaşlar"

    Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde ýaşlaryň arasynda geçen umumy sapagyndaky çykyşy bilen baglanşykly Balkan welaýat kitaphanasynyň mejlisler zalynda Dünýä edebiýaty žurnalynyň baş redaktory Rahmet Gylyjow, Mugallymlar gazetiniň baş redaktory Söhbet Nurberdiýew, Garagum žurnalynyň baş redaktory Saýimow Soltanyýaz, myhmanlaryň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň, gurnamagynda talyp ýaşlar we kitaphanaçylar bilen wagyz ündew maslahaty geçirildi. Maslahatda çykyş edenler "Arkadag Serdarly Bagtyýar Ýaşlar Ýylynda" Gahryman Arkadagymyzyň röwşen geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesillerimiz hakyndaky aladalary ynsanperwer döwlet syýasatynda esasy orunlaryň birini eýeleýändigini wagyz etdiler. Ýurdumyzyň bagtyýar nesileriniň dünýä ülňelerine laýyk bilim almagyny, ylym öwrenmegini, edep-terbiýeli, watan söýüji, ruhy hem-de beden taýdan sagdyn adam bolup ýetişmegini gazanmak meselesi hemişe üns merkezinde durýar. Bildirilýän ynamy ödemek, oňa mynasyp jogap bermek bagtyýar ýaşlarymyzyň hemişelik baş maksadydyr, mizemez durmuş ýörelgesidir.

  • "Magtymguly Pyragy ylham çeşmesi-bagtyýar türkmen ýaşlary nesihatyň teşnesi"

    "Magtymguly Pyragy ylham çeşmesi-bagtyýar türkmen ýaşlary nesihatyň teşnesi" atly Maslahat Balkan welaýat häkimliginde geçirildi, şoňa bagyşlanyp Balkan welaýat kitaphanasynda uly sergi gurnaldy. Maslahata gatnaşyjylar kitaphanadaky uly sergä syn etdiler. Sergide Gahryman Arkadagymyzyň ýiti galamyndan çykan pähim-paýhasa, öwüt-nesihata ýugrulan kitaplary, Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň akyl gämisine deňelýän kitaplary hödürlendi. "Magtymguly diýrler meniň adymy, Älem elin çoýar görse odymy" diýen setirleri bu günki günde Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda görýäris. Magtymguly Pyragynyň kitaplaryny dünýä alymlary öwrenýärler, kitap edip çykarýarlar. Gahryman Arkadagymyz:-Magtymguly Pyragy sözüň güýji, gudraty bilen şygyrýet äleminde ady arşa galan beýik akyldar şahyrdyr. diýen setirleri Gahryman Arkadagymyzyň şahyra bolan uly hormaty bolup durýar.

  • "Ylym nurana geljege ak ýol"

    "Ylym nurana geljege ak ýol" atly dabaraly maslahat Balkan welaýat kitaphanasynyň Mejlisler zalynda geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly batutanlygynda döwletimizde ylym ulgamyna düýpli özgertmeler ornaşdyrylýar. Ylmyň gazananlaryndan peýdalanmak, dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalaryny netijlei ullanmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülendigi barada çykyş eden kitaphana, bilim işgärleri aýdyp geçdiler. Ýurdumyzda ylymlar gününiň giňden bellenip geçirilmegi ylmy özgerişleri, oýlap tapyşlary ýüze çykarmakda uly ähmiýete eýedir. Ylym-bilimiň öňe gitmegine giň mümkinçilik döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun.

  • "Zenan-mähriň çyragy"

    "Zenan-mähriň çyragy" şeýle at bilen Balkan welaýat kitaphanasy, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýat birleşmesi bilen bilelikde edebi sazly çäre geçirdi. Çärede çykyş edenler 2023-nji ýylyň awgust aýynyň 3-ne Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy Ogulgerek gelneje agtyklary bilen öz mähriban gaýyn enesi Ogulabat ejäniň çeperlik, nepislik bilen örülen alajalaryny hem-de alaja örende ulanýan iş guralyny Türkmenistanyň Döwlet muzeýine gowşurmagy halkymyz üçin uly buýsançly, guwandyryjy wakalaryň biri bolandygy, mähriban käbämiz Ogulabat ejäniň çeper el işini ussatlygy ondada alaja örmeklige ussatlygy bu gün biziň ýaşalarymyza göreldedigi, nusgalykdygy dogrusyndaky gürrüňlere uly ähmiýet berdiler. Şeýle hem çäräniň dowamynda sungat ussatlarynyň ussatlyk bilen ýerine ýetiren şirin owazly aýdymlary çärä aýratyn öwüşgin çaýdy. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar kitaphananyň girelgesinde gurnalan "El hünäri-zenan dünýäsiniň bezegi" atly kitap sergisine syn etdiler.

  • "Dürler hazynasy-nesilleriň ýörelgesi"

    "Günbatar Şapagy" okuw merkeziniň Balkanabat şäher şahamçasynyň mugallymlary we okuwçylary tomusky dynç alyş möwsüminde Balkan welaýat kitaphanasynda ýakyndan tanyşmak maksady bilen gezelençde boldular. Kitaphana işgärleri tarapyndan gezelenje gelen okuwçylara kitaphananyň ähli bölümlerinde bar bolan eserlere giňişleýin synlar arkaly okyjylary kitap okamaklyga bolan höwesini kanagatlandyrmak, dünýä garaýyşyny giňeltmek, täze kitaplar bilen olary tanyşdyrmak maksady bilen kitaphananyň bölümlerinde yzygiderli hereket edýän kitap sergilerine syn etdiler. Gezelenjiň dowamynda okuwçylar hem öz ukyp başarnyklaryny okuwda alýan ylym-bilimlerini kitaphanaçylar bilen özara gürrüňdeşlik geçirdiler. Gyzykly geçen gezelençde okuwçylar türkmen, rus we iňlis dillerinde Watanymyzy, Gahryman Arkadagymyzy, Hormatly Prezidentimizi wasp edýän goşgulary aýdyp bermekleri aýratyn öwüşgün çaýdy.

  • "Ýaşulular geňeş tutsa"

    Balkan welaýat kitaphanasy, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýat birleşmesi bilen bilelikde Kitaphananyň Mejlisler zalynda "Ýaşulular geňeş tutsa" atly duşuşyk geçirildi. Duşuşykda çykyş edenler esasy Mähriban Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň durmuşa geçirýän halk bähbitli işleri barada, ýetip gelýän Garaşsyzlyk baýramy barada gyzykly gürrüňleri berdiler. Duşuşygyň soňunda Mähriban Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza jan saglyk, uzak ömür arzuw etdiler. Alyp barýan halk bähbitli işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

  • "Gül diýaryň geljegi siz çagalar"

    Arzyly islegleriň hasyl bolýan eziz watanymyzda erkana ýaýnaýan bagtyýar çagalar mähir, söýgi, üns-alada bilen gurşalýar. Geljegimiziň aýdyň, röwşen bolmagy üçin ýaş nesiller hakyndaky alada şu günüň esasy wezipesidir. Şu wezipelerden ugur alyp Balkan welaýat çagalar kitaphanasy, Welaýat kitaphanasynda "Gül diýaryň geljegi siz çagalar" ady bilen ertirlik geçirildi. Ertirlige kitaphananyň ýaşajyk okyjylary çagalar baglarynyň çagalary gatnaşdylar. Çärä gatnaşan çagalar Arkadagymyzy, Arkadagly Serdarymyzy Watanymyzy wasp edýän birnäçe goşgylary ýerine ýetirdiler. Kitaphana işgärleri tarapyndan gurnalan çagalara degişli ertekiler, çagalarda uly gyzyklanma döretdi. Kitaphana işgärleri çagalara birnäçe ertekileri gürrüň berdiler. Goý bagtyýarlygyň gujagynda ýaýnaýan, tomus dynç alyş günlerini hoşwagt geçirýän eziz körpeleriň şatlykly gülki sesleri hemişe ýaňlanyp dursun. Körpe nesil hakynda uly alada edip, ýurdumyzda döwlet ähmiýetli, il-ýurt bähbitli işleri durmuşa geçirýän Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

  • "Merkezi kitaphanalaryň işini döwrebaplaşdyrmak we onyň hil derejesini ýokarlandyrmagyň usullary"

    Balkan welaýat kitaphanasynyň Miras otagynda Balkan welaýat kitaphanalarynyň arasynda 6-aýda edilen işler boýunça amaly maslahat okuwy geçirildi. Bu maslahatda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe "Merkezi kitaphanalaryň işini döwrebaplaşdyrmak we onyň hil derejesini ýokarlandyrmagyň usullary" ady bilen geçirilen amaly maslahatynyň merkezi kitaphana we şahamçalarynda döwrebap işlemegiň usullary we meýilnamalarda edilmeli işleriň hasabatda ýerine ýetirilişi dogrusynda durulyp geçildi. Mähriban Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen kitaphana hyzmaty ulgamynyň işiniň döwrebap ýola goýmakda, kämilleşdirmekde we bu ulgamy dünýä derejesine çykarmakda uly osüşleriň bolup geçýändiginiň şaýady bolup ýaşaýarys.

  • "öMRÜMIŇ MANYSYNYŇ DOWAMATY"

    Balkan welaýat kitaphanasy bilen Balkanabat şäheriniň saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy bilen bilelikde Arkadag şäheriniň açylmagy hem-de Gahryman Arkadagymyzyň ýiti paýhasyndan çykan "Arkadag şäheri-geljegiň şäheri" atly we "Omrümiň manysynyň dowamaty" atly eserleriniň tanyşdyryş dabarasy Balkan welaýat kitaphanasynyň "Mejlisler" otagynda geçirildi. Çärä bilim, saglygy goraýyş, medeniýet we sungat ulgamynyň işgärleri gatnaşdylar. Çärede çykyş edenler, Dünýäniň giň okyjylar köpçüligine niýetlenen Gahryman Arkadagymyzyň bu gymmatly eserlerinde türkmen halkynyň geçmişi, ahlak gymmatlyklary we milli hem-de dünýä binagärliginiň däpleri bilen utgaşdyrylyp gurulýan şäher barada giňişleýin beýan etdiler.

  • "Çeper kyssanyň ussady"

    Balkan welaýat kitaphanasynda Hyzmat ediş bölümi tarapyndan Türkmenistanyň halk ýazyjysy Ata Gowşudowyň doglan gününiň 120 ýyllygyna bagyşlap "Çeper kyssanyň ussady" ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde türkmen edebiýatynda öçmejek yz galdyran, ussat ýazyjy Ata Gowşudowyň ömri döredijiligi barada kitaphanaçylar çykyş etdiler. Ata Gowşudow türkmen halk döredijiligini toplamakda, öwrenmekde uly iş bitiren ýazyjylaryň biridir. Türkmen halk döredjiliginden ussatlyk bilen peýdalanan Ata Gowşudowyň eserleri türkmen edebiýatyna uly goşant boldy, ony has baýlaşdyrdy.

  • "Arkadag şäheriniň Belent waspy"

    Balkan welaýat kitaphanasy, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýat birleşmesi bilen bilelikde "Arkadag şäheri-geljegiň şäheri" atly Gahryman Arkadagymyzyň täze kitabyna tanyşdyryş dabara geçirildi. "Arkadag şäheri-geljegiň şäheri" kitaby üç dilde taýýarlanandygy we sahypalarynyň owadan suratlar bilen bezelmegi, giň okyjylar köpçüligine daşary ýurt okyjylaryna niýetlenmegi barada kitaphanaçylar giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle ajaýyp kitaby ýüzümize sylyp, kitapdaky maglumatlary öwrenip okyjylara ýetirmek bagty ilkinji kitaphanaçylara nesip etmegi diýseň begendirýär, buýsandyrýar. Häzirki döwrümiziň beýik ösüşlerini beýan edýän Arkadag şäheri ähli ildeşlerimiziň köňül buýsanjyna öwrüldi. Halkymyzy beýik ösüşleriň ýoly bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag bolsun, alyp barýan beýik işleri üstünliklere beslensin!

  • "Haýyr-sahawat kitaby-ynsanperwerligiň şaýady"

    Balkan welaýat kitaphanasy, Balkan welaýat Saglygy goraýyş müdürligi kitaphananyň Mejlisler zalynda "Gurbanguly Berdimuhmedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy" atly täze kitaba tanyşdyryş dabara geçirildi. Giň okyjylar köpçüliginde gyzyklanma döretjek täze kitapdaky "Gurplulygyň öz şertleri bar", "Beren eliň berekedi artar", "Durmuşyň gymmatlygy-Saglyk" "Hossarlyk-öçmez umyt", "Howandarlyk jebisligi döredýär" atly bölümlerinden gürrüň berdiler. Çykyş edenler neşiriň elimize gowşan günündäki taryhy wakanyň Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň düýbüniň tutulyş dabarasynyň gabat gelmegi bilen hem gutladylar. Kitaphanaçylar, lukmanlar täze kitabyň sowgat berilmegi mynasybetli Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden hoşşallyk sözlerini aýtdylar.

  • "Arkadag kelamy-Saz bagtyň mukamy"

    Balkan welaýat kitaphanasynyň Mejlisler zalynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygyrýet güni mynasybetli Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymlary, talyplary, kitaphananyň kitaphanaçylarynyň gatnaşmagynda Maýa Kulyýewa adyndaky türkmen Milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy kompozitor Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Suhan Tüýliýew bilen döredijilik duşuşygy geçirildi. Kitaphanaçylar, Mugallymlar, talyplar kompozitoryň sungat baradaky gyzykly gürrüňlerinden başga-da kompozitora özlerini gyzyklandyrýan soraglary berip sorag-jogap alyşdylar. Medeniýetiň we sungatyň Uly bölegi bolan kompozitorlyk aýdymlaryň sazy adamlara ruhy lezzet berýär. Gahryman Arkadagymyz "ILe döwlet geler bolsa.." atly kitabynyň başynda Mahmyt Gaýybynyň "SAz bilen söhbede ýaman diýmäňler, Adam, Howa dünýä inende bardyr" diýip belläp geçýär. Aýdym ugurlary türkmen kompozitorlarynyň döredijiliginde aýratyn sahypa bolup durýar. Döretmäge, aýdym saz sungatyny ösdürmäge Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyz giň ýol açdy. Ähli döredýän mümkinçiliklerine Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömürleri uzak bolsun.

  • "Ylym-bilim ýolumyza çyragdyr"

    Balkan welaýat kitaphanasynda Hyzmat ediş bölümi 12-nji iýun Ylymlar gününe bagyşlanyp "Yym-bilim ýolumyza çyragdyr" ady bilen gürrüň geçirildi. Gürrüňde çykyş edenler şular dogrusynda aýtdylar. Ylym Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanylýan ähli ösüşleriň gözbaşydyr. Häzirki wagtda täze pikirleri we çözgütleri döredýän dünýä derejesindäki kämil ylym ulgamy kemala geldi. Energetika pudagynda, himiýa tehnologiýasynda, oba hojalygynda, lukmançylykda, ulag-aragatnaşyk, bilim, ekologiýa ulgamynda umuman durmuşymyzyň ähli ugurlarynda gazanylýan üstünlikler türkmen ylmyň ähmiýetiniň barha ýokarlanýandygyna şaýatlyk edýär.

  • "Sagdyn jemgyýet-Sagdyn durmuş"

    Balkan welaýat kitaphanasynda Balkan welaýat kitaphanasy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasy, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkan welaýat birleşmesi bilen bilelikde "Sagdyn jemgyýet-Sagdyn durmuş" ady bilen çäre geçirdi. Çäre-de çykyş eden kitaphana işgärleri, Saglygy goraýyş işgärleri Sagdyn jemgyýeti gorap saklamak barada çykyş etdiler. "Arkadag Serdarly Bagtyýar Ýaşlar" ýylynda ýaşlarymyzyň Sagdyn durmuşda ýaşamagyny Arkadagly Serdarymyz nygtap geçýär. Ýaşlaryň arassa Sagdyn jemgyýetde işlemäge, döretmäge, okamaga ähli mümkinçilikler döredilendir.

  • "Älemiň çyragy kitap"

    Balkan welaýat kitaphanasynda Balkan welaýat kitaphanasy, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýat birleşmesi bilen bilelikde Balkanabat şäher jemagat hojalyk müdirliginde zähmet çekýän kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzalarynyň gatnaşmamagynda "Älemiň çyragy kitap" ady bilen bäsleşik geçirildi. Adam kitap arkaly dünýägaraýşy giňeýär, kitaba bolan hormaty artýar. Kitabyň her bir adamyň ruhunda, aňynda terbiýelenýändigi maksady bilen bäsleşik geçirildi. Bäsleşik täsirli geçdi. Ýeňijilere Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýat birleşmesi tarapyndan sowgatlar gowşuryldy.

  • "Biz watanyň gunçalary, gülleri"

    Balkan welaýat kitaphanasynda Hyzmat ediş bölümi tarapyndan 1-nji iýun çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanyp "Biz watanyň gunçalary, gülleri" atly edebi-çäre geçirildi. Bu baýramçylygyň giň gerimde, halkara derejesinde bellenilmegi çagalara goýulýan hormatdan, berilýän üns-aladadan nyşandyr. Biziň ýagty geljegimiz ýaş nesiller bilen aýrylmaz baglanşyklydyr. Çagalary goramagyň halkara güni gözel Diýarymyzyň ähli künjeginde uly ruhubelentlik, joşgunlyk bilen baýram edilýär. Edebi-çärede çagalar Watana bolan söýgüsini goşgy setirleriň üsti bilen beýan etdiler. Goý, bagtyýar çagalaryň ajaýyp mekanyna öwrülen Türkmenistan döwletimizde ýaş nesilleriň gülki sesleri, şadyýan owazlary hemişe belentden ýaňlanyp dursun!

  • "Gölleri güneş deý owadan haly"

    Balkanabat şäheriniň merkezi şäher kitaphanasy Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli "Gölleri güneş deý owadan haly" ady bilen edebi çäre geçirdi. Çärä kitaphanaçylar, bilim işgärleri, halyçylar gatnaşdylar. Çärede çeper elli türkmen gelin-gyzlarymyzyň mähir siňdirip dokaýan halylary barada, halylaryň taryhy barada, giňişleýin gürrüň edildi. Çärede sergi gurnaldy.

  • "Älemiň çyragy kitap"

    Balkan welaýat kitaphanasynda Balkan welaýat kitaphanasy, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýat birleşmesi bilen bilelikde Balkanabat şäher ýylylyk müdirliginde zähmet çekýän kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzalarynyň gatnaşmamagynda "Älemiň çyragy kitap" ady bilen bäsleşik geçirildi. Adam kitap arkaly dünýägaraýşy giňeýär, kitaba bolan hormaty artýar. Kitabyň her bir adamyň ruhunda, aňynda terbiýelenýändigi maksady bilen bäsleşik geçirildi. Bäsleşik täsirli geçdi. Ýeňijilere Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýat birleşmesi tarapyndan sowgatlar gowşuryldy.

  • "Kitap paýhas ummany"

    Berkarar döwletimiziň täze galkynyşy eýýamy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda, milli medeniýetimizi hem sungatymyzy, mirasymyzy bagtyýar ýaşlarymyza kitaplaryň üsti bilen ýetirmekde olaryň dünýä garaýyşyny baýlaşdyrmakda kitaphana hünärmenleriň öňünde uly borç bolup durýar. Arkadag Serdarly Bagtyýar ýaşlar ýylynda dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanyp Balkan welaýat kitaphanasy bilen Balkan welaýat Magtymguly adyndaky ýaşlar geňeşiniň bilelikde guramagynda "Kitap paýhas ummany" ady bilen mekdep okuwçylaryň arasynda bäsleşik geçirildi. Bäsleşige gatnaşan okuwçylarymyz Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän eserlerinden, Magtymguly Pyragynyň ömri döredijiliginden we goşgy setirlerinden birnäçe şertleri ýerine ýetirdiler. Baş baýraga 12-nji orta mekdep, 1-nji orna 15-nji orta mekdep, 2-nji orna 5-nji orta mekdep, 3-nji orna 17-nji orta mekdep mynasyp boldular. Kitap okamaga höwesli ýaş okyjylarymyzyň ýüze çykmagyna itergi berýän bu bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda tapawutlanan ýeňijileri baýraklar we hormat hatlary bilen sylaglandylar.

  • "Mertlik-sensiň halas eden watany"

    Balkan welaýat kitaphanasy, Balkan welaýat taryhy ülkäni öwreniş muzeýinde Beýik Ýeňişiň 78 ýyllygyna bagyşlap sergi gurnady. Sergide esasan Milli Liderimiziň, Alym Arkadagymyzyň ýiti galamyndan çykan "Mertler Watany beýgeldýär", "Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar", "Döwlet guşy" hem-de "Hatyra", "Şöhrat" kitaplary goýuldy. Bu kitaplarda Alym Arkadagymyz Watany goramakda Türkmen gaýratly ýigitlerimizi, Watan mukaddesligi hakynda ýazýar. Ösüp gelýän ýaş nesillerimizi watançylyk ruhynda terbiýelemekde kitap okamaklyk olaryň geljegi bolup durýar. Mähriban Arkadagymyzy, Arkadagly Serdarymyzy, uruş Weteranlarymyzy, türkmen halkymyzy Beýik ýeňşiň 78 ýyllygy bilen gutlaýarys, Goý dünýämiz parahat bolsun!

  • "Jadyly sungatyň ussady"

    Balkan welaýat kitaphanasynyň Sungat bölümçesi bilen Balkan welaýat ýörite sungat mekdebi bilen bilelikde Türkmenistanyň halk artisti Profesor Ýolaman Nurymowyň 80 ýyllyk ýubileýine bagyşlap "Jadyly sungatyň ussady" atly edebi-sazly çäre geçirdi. Çärede çykyş edenler Garaşsyz Türkmenistanyň saz sungatynda saldamly goşant goşup gelýän halk bagşy-sazandalarynyň arasynda ilkinji bolup Profesorlyk derejesini alan Ý.Nurymowyň ýerine ýetirijiligi we döredijili ussatlygy barada giňişleýin gürrüňler etdiler. Talyplardan bagşy-sazandalarynyň Ý.Nurymowyň döreden aýdym-sazlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirmegi çärä aýratyn öwüşgün çaýdy. Sungat ussatlaryna hormat goýýan Mähriban Arkadagymyzyň Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun.

  • "Kitap ylymyň açary"

    Balkan welaýat kitaphanasy, Balkan welaýatynyň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasy, Balkanabat şäheriniň ýaşlar guramasy bilen bilelikde kitaphananyň Mejlisler zalynda, 23-nji aprel Bütin dünýä kitap sergisi günine bagyşlanyp "Kitap ylymyň açary" atly çäre geçirildi. Çäräniň adyndan belli bolşy ýaly kitap okamak, kitabyň gadyr-gymmaty barada çykyş edenler belläp geçdiler. Kitaphanaçylar öz çykyşlarynda ýaş nesilleriň kitaphanalarda bütewi elektron ulgamyndan peýdalanyp wagtlaryny tygşytlamaga, olaryň ylymly-bilimli bolmagyna, kitaphanalar bilen ýakyndan aragatnaşyk saklap, kitabyň adamzada gymmatynyň ýokarydygyny duýmak, umuman ýaşlarymyzda kitaba bolan söýgüsini artdyrmak hakynda manyly çykyşlary etdiler. Mundan başga-da daşary ýurt edebiýatlaryny, taryhy, medeniýetini bilmekde hem kitaplaryň öz ene dilimizde okyjylaryň okap, öwrenmekligi barada hem durup geçdiler. Şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Mähriban Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyşlar aýdyldy.

  • "Magtymguly-ynsan kalbynyň öçmejek nurydyr"

    Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Merkezi kitaphana işgärleriniň gurnamagynda Türkmenbaşy şäheriniň deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlaryň, talyplaryň gatnaşmagynda "Magtymguly-ynsan kalbynyň öçmejek nurydyr" atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Onda Magtymguly Pyragynyň ömri döredijiligi barada giňişleýin gürrüň edildi. Talyplaryň aýtmagynda Magtymguly Pyragynyň öwüt nesihat beriji goşgulary bilen dörediji ýaşlaryň öz düzen goşgulary hem diňlenildi.

  • "Behişdi bedew"

    Balkan welaýat Taryhy we Ülkäni öwreniş muzeýinde Balkan welaýat kitaphanasy Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli "Behişdi bedew" ady bilen göçme sergi gurnady. Sergini talyplar, okuwçylar we mugallymlar, beýleki ulgamda işleýän hünärmenler tarapyndan syn edildi. Sergide Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän behişdi bedewler baradaky ajaýyp kitaplary goýuldy. Türkmen bedewi adamzat medeniýetiniň aýrylmaz bölegi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ahalteke bedewiniň şan-şöhraty has belende galdy. Gözelligi, ýyndamlygy, wepalylygy bilen haýran galdyrýan bedewler türkmen gerçeginiň müdimi ýaranydyr.

  • "Arkadagyň-Taglymaty sagdynlygyň we ruhubelentligiň binýady"

    Balkan welaýat kitaphanasy bilen Balkan welaýat Saglygy goraýyş müdirligi kärdeşler Arkalaşygy bütin dünýä saglyk güni mynasybetli "Arkadagyň-Taglymaty sagdynlygyň we ruhubelentligiň binýady" atly gürrüňdeşlik geçirildi. Çärede Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýan ýurdumyzda Durmuş-ykdysady taýdan, şol sanda saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyndaky tutan ýerli işleriň amala aşyrylýanlygy dogrusyndaky gürrüňlere uly ähmiýet berildi.

  • "Halkyň öçmez çyragy-beýik ussat pyragy"

    Şu gün Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde ýerleşýän Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde "Arkadagly Serdar Peder dowamy Magtymguly asyrlaryň owazy" atly ylmy amaly maslahat geçirildi. Balkan welaýat kitaphanasy tarapyndan hem "Halkyň öçmez çyragy-beýik ussat Pyragy" atly kitap sergisi gurnaldy. Kitap sergisi myhmanlaryň ýadynda galdyryjy boldy. Milli Liderimiziň ýazan kitaplary, söz ussady Magtymguly Pyragynyň kitaplaryna kitaphanaçylar bilen sorag-jogap okyjylaryň arasynda alşyldy. Pyragynyň akyl-paýhasa ýugurlan goşguly kitaplary geljekki ýaş nesillerimize edep mekdebi bolup durýar. Şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimiziň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun.

  • "Arkadag şäheri"

    Balkan welaýat kitaphanasynda Balkan welaýat kitaphanasy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasy bilen bilelikde Arkadag şäheriniň 1-nji tapgyry açylyş dabarasy bilen baglanşykly duşuşyk geçirildi. Duşuşykda ýaş kitaphanaçylar, talyplar Köpetdagyň gözel künjeginde Hormatly Prezidentimiziň Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen täze döwrebap şäher "Arkadag şäheri" barada çykyş etdiler. Esasan hem çykyşda Arkadag şäherine Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylary ýaşlardan saýlandygy Watanymyzyň geljegini ýaşlara baglap ýaşlaryň geljekde döredip gurjakdygyna uly ynam bildirdiler. Çäräniň soňunda bolsa Hormatly Prezidentimize Türkmeniň Lideri Gahryman Arkadagymyza alkyşlar aýtdylar.

  • "Magtymguly diýip adym tutsalar"

    Balkan welaýat kitaphanasynda Balkan welaýat kitaphanasy, Ylym bilim işgärleriniň Kärdeşler Arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň Balkanabat şäher Geňeşi bilen bilelikde Türkmeniň Akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp "Magtymguly diýip adym tutsalar" ady bilen okyjylar konferensiýasyny geçirdiler. Okyjy konferensiýasynda kitaphanaçylar, bilim işgärleri nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň ömri döredijiligi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şahyryň şygyrlaryny uly joşgun bilen okadylar. Beýik türkmen akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň arzuwlan bagtyýar zamanasy geldi. Bu gün külli türkmen halky Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan diýarynda erkana, bagtyýar, eşretli zamanada ýaşaýar. Okyjylaryny, diňleýjilerini agzybirlige, halallyga, gaýratlylyga çagyran Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň ruhy ganatydyr, şamçyragydyr.

  • "Läle reýhan bolup, bahar geldi jahana"

    Balkan welaýat kitaphanasynda Balkan welaýat kitaphanasy, Balkanabat şäheriniň Çagalar we ýetginjekler döredijilik öýi bilen bilelikde Milli bahar baýramyna bagyşlanyp " Läle reýhan bolup, bahar geldi jahana" ady bilen edebi-çäre geçirildi. Çärede kitaphana işgärleri, okuwçylar, mugallymlar çykyş etdiler. Çykyş edenler Nowruz baýramy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Bu baýram ýurtlary we halklary hoşniýetli goňşuçylyga we dostluga çagyrýar. Bu baýramda türkmenlerde dürli tagamlar bişirilip, birek-birege hödür-kerem edilýär. Şol gün her bir türkmen maşgalasy myhmana gapysyny giňden açyp, dürli naz-nygmat bilen hezzetleýär. Okuwçylar bolsa ýürek joşgunlaryny goşgy setirleri bilen beýan etdiler. Çäre diýseň täsirli geçdi.

  • "Nowruz gelse äleme, reň kylar jahan peýda"

    Balkan welaýat kitaphanasy bilen bilelikde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýat birleşmesi Nowruz baýramyna bagyşlanyp "Nowruz gelse äleme, reň kylar jahan peýda" ady bilen gürrüňdeşlik çäresini geçirdi. Çärede Berkarar Döwletimiziň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Milli Liderimiziň Arkdagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda toý-baýramlarymyzyň milli öwüşgüne beslenip, ýokary ruhubelentlikde toýlanýandygy şeýle hem milli Nowruz baýramy halk agzybirliginiň, jebisliginiň, täzelenşiniň bagtyýarlygynyň aýdyň dabaralanmasydygy baradaky gürrüňlere uly üns berildi.

  • "Dünýäniň bar görki Enedir-Ene"

    Balkan welaýat kitaphanasynyň Sungat bölümçesiniň gurnamagynda 8-nji mart halkara zenanlar gününine bagyşlap "Dünýäniň bar görki Enedir-Ene" atly gürrüňdeşlik çäresi geçirildi. Çärä Balkan welaýat taryhy ülkäni öwreniş muzeýi we Balkanabat şäheriniň merkezi şäher kitaphanasy, Balkanabat şäherindäki çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň gurnak ýolbaşçylary gatnaşdylar. Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezdintimiziň ýolbaşçylygynda enelere goýulýan sarpanyň has-da artanlygy, zenanlarymyzyň nesilden-nesile geçirilip, kämil derejä ýetirlen däp-dessurlarymyz, eziz Watanymyzy kuwwatly döwlete öwürmek ugrunda tutanýerli işleri amala aşyrylýanlygy dogrusyndaky gürrüňlere uly ähmiýet berdiler. Mekdep okuwçylarynyň Ene hakynda okap beren goşgulary çärä aýratyn öwüşgün çaýdy.

  • "Täze eýýam Dünýä nusga, Arkadagly Serdar bilen!" "

    "Täze eýýam Dünýä nusga, Arkadagly Serdar bilen!" atly duşuşyk Balkan welaýat kitaphanasynda geçirildi. Duşuşykda welaýatymyzda okaýan talyp ýşalar kitaphananyň Mejlisler zalynda kitaphanaçylaryň Many-mazmunly çykyşlaryny üns bilen diňlediler. Kitaphanaçylar Mähriban Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň ýaşlar baradaky alyp barýan işlerini wagyz etdiler. Biziň bilşimiz ýaly " Arkadag Serdarly Bagtyýar ýaşlar ýyly" alnyp barylýan işleriň köpisi kitaphanamyzda ýaşlar bilen baglydyr. Şu günki çäräniň dowamynda talyp ýaşlar kitaphananyň Bütewi Elektron ulgamyndan kitap okamaklygy hem dowam etdirdiler, kitaphananyň "kitap adamzadyň köňül nagşydyr", "Ýalkym saçýar täze eýýam", "Ylhamynda Siz Arkadag" atly sergilere hem syn etdiler, baý kitap hazynasyna hem aýlanyp gördüler. Çäräniň soňunda Mähriban Arkadagymyza uzak ýaş, jan Saglyk dilediler, alyp barýan işlerinde rowaçlyk arzuw etdiler.

  • "Mukama bagyşlanan ömür"

    Balkan welaýat ýörite Sungat mekdebi bilen Balkan welaýat kitaphanasy Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi kompozitor Nury Halmämmedowyň 85 ýyllyk ýubileýine bagyşlap "Mukama bagyşlanan ömür" atly ylmy konferensiýa geçirdi. Çärä Balkan welaýat ýörite Sungat mekdebiniň mugallymlary, talyplary, kitaphana işgärleri gatnaşdylar. Ylmy konferensiýada çykyş edenler N.Halmämmedowyň ömri we döredijiligi, kompozitoryň döreden ajaýyp saz eserleri barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle hem Balkan welaýat kitaphanasy tarapyndan, "Saz Sungatynyň ussady" atly kitap sergä syn berildi.

  • "Ýylyň zenany"

    Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi Balkanabat şäher Zenanlar birleşmesi Balkan welaýat kitaphanasy bilen bilelikde, Balkan welaýatynda ähli ulgamda zähmet çekýän Zenanlaryň arasynda "Ýylyň Zenany" atly bäsleşik Balkanabat şäher tapgyry geçirildi. Bäsleşikde Zenanlar öz ugurlary boýunça çykyş etdiler. Çeper elli zenanlarymyz özleriniň elleri bilen eden işlerini çykyşlaryny beýan etdiler. Bäsleşigiň soňunda çykyş edenleriň ählisine sowgatlar gowşuryldy.

  • "Ýurdumyz Berkarar, ýolumyz ýagty, ýaşlar Watanymyzyň buýsanjy-bagty"

    "Ýurdumyz Berkarar, ýolumyz ýagty, ýaşlar Watanymyzyň buýsanjy-bagty" atly brifing Balkan welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat geňeşi bilen bilelikde hoşallyk duşuşygy kitaphanada geçirildi. Duşuşykda kitaphana, bilim we medeniýet ugry boýunda esasan ýaşlar Arkadagly Serdary bagtyýar ýaşlar okamaga, işlemäge döretmäge Watanymyza, Hormatly Prezidentimize, Türkmen halkynyň Hormatly Millli Liderimize alkyşlar aýdyldy.

  • "Älemiň çyragy kitap"

    Balkan welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýat birleşmesi, Balkan welaýat kitaphanasy bilen bilelikde "Älemiň çyragy kitap" atly bäsleşik geçirildi. Bäsleşik Balkan welaýat bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň düzüminde zähmet çekýän işgärleriň arasynda çekeleşikli geçdi. Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen dünýäde abraý mertebesi belende galan ata watanymyzyň ösüşlerini, özgerişlerini wasp etdiler. Öz çekýän zähmetlerinde hünärleri boýunça edebiýatlardan peýdalanmagyň ähmiýetiniň bu günki günde has möhüm orun eýeleýändigini ýene bir sapar dabaralandy. Bäsleşikde ýeňiji bolan toparlara Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýat birleşmesi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary hem-de Balkan welaýat kitaphanasy tarapyndan hormat hatlary gowşuryldy.

  • "AMERIKAN DILINDEN TÜRKMEN DILINE TERJIME EDILEN KITAPLARYŇ SERGISI"

    Balkan welaýat kitaphanasynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan Daşary we Doly Ygtyýarly ILçisi M.Klimow kitaphana işgärleri we okyjylary bilen duşuşygy boldy. Ilçini Balkan welaýat kitaphanasynyň Ähli bölümleri bilen tanyşdyryldy. Myhmanlary haýran galdyran zatlar köp boldy. Olara ýedinji gatda ýerleşdirilen obserwatoriýa otagynda oturdylan teleskobyň kömegi bilen alynan asman jisimleriniň suratlary, ýyldyzlar baradaky maglumatlar has-da täsirli boldy. Birnäçe okuwçylara Amerikan ýazyjylaryň terjime edilen kitaplary sowgat berdiler. Kitaphananyň çagalar otagynda Ilçi iňlis dilinde erteki okap berdi, çagalar muňa diýseň begendiler. Türkmen Amerikan dostlugy uzaklara has uzasyn. Şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Mähriban Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun döwlet ähmiýetli alyp barýan işleri elmydama rowaç bolsun.

  • "Milli Liderimiz bilen galkynyş Diýar"

    Balkan welaýat kitaphanasynda Balkan welaýatynyň Saglygy goraýyş işgärleriniň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Balkanabat şäher Geňeşi bilen, bilelikde "Milli Liderimiz bilen galkynyş Diýar" atly dabaraly çäre geçirildi. Çäre-de Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan halk bähbitli, durmuş ähmiýetli işleri wagyz edildi. Milli Lider adynyň Gahryman Arkadagymyza berilmegi halkymyzy diýseň begendirdi. Goý Parahat Diýarymyzda Milli Liderimiziň jany sag ömri uzak bolsun.

  • "Arkadagyň ýörelgesi nusgalyk görelde"

    Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Balkan welaýat birleşmesi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Balkan welaýat bölümi bilen, bilelikde geçirilen taryhy mejlisinde kabul eden çözgütleri hakynda "Arkadagyň ýörelgesi nusgalyk görelde" atly dabaraly maslahat Balkan welaýat kitaphanasynyň mejlisler zalynda geçirildi. Maslahatda çykyş edenler Berkarar Döwletimiziň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ösüşiniň nobatdaky tapgyryna kanun çykaryjylyk işiniň mundan beýläkde kämilleşdirmek bilen baglanşykly wajyp wezipeleri barada giňden maslahatlar edildi.

  • "Milli Liderimiz bilen galkynýar Diýar"

    Balkan welaýat Saglygy goraýyş müdirligi Saglygy goraýyş işgärleriniň Kardeşler Arkalaşygynyň Balkanabat şäher Geňeşi hem-de Balkan welaýat kitaphanasy bilen bilelikde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň ýurdumyzyň jemgyýet wekilleri bilen bilelikde kabul edilen çözgütler hakynda "Milli Liderimiz bilen galkynýar Diýar" atly maslahat geçirildi. Maslahatda çykyş edenler Hormatly Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna saýlanandygy, Milli Lider derejesiniň kanuny ykrara eýe bolandygy üçin diýseň buýsançly wakany bir agyzdan goldadylar. Milli Liderine bildirýän uly ynamyň, beýik söýgüsiniň hem hormatynynyň aýdyň beýanydyr.

  • "Zenan bagtyýarlygy-Watan abadanlygy"

    Balkan welaýat kitaphanasynda Balkan welaýat kitaphanasy, Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýat birleşmesi, Balkan welaýat zenanlar birleşmesi bilen bilelikde "Zenan bagtyýarlygy-Watan abadanlygy" atly wagyz nesihat çäresi geçirildi. Çäre-de çykyş eden kitaphanaçylar "Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar" ýyly mynasybetli zenanlarymyza goýulýan hormat, sylag barada çykyş etdiler. Eneler hakynda şahyrlaryň ýazan ajaýyp goşgularyny kitaphanaçylar aýdyp berdiler. Çäräniň ahyrynda Mähriban Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza zenanlar çäksiz alkyşlar aýtdylar.

  • "Älemiň çyragy kitap"

    Balkan welaýat kitaphanasynda Balkan welaýat kitaphanasy, Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýat birleşmesi bilen bilelikde "Älemiň çyragy kitap" ady bilen bäsleşik geçirdiler. Geçirilen bäsleşik has-da täsirli boldy. Mähriban Arkadagymyzyň ýiti galamyndan çykan kitaplaryndan gyzykly soraglara jogap berdiler. Magtymguly Pyragynyň goşgularyndan, Paýhas çeşmesi kitapdan, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Balkan welaýat birleşmesiniň işgärleri özara bäsleşdiler. 1-nji 2-nji 3-nji orunlara mynasyp bolan ýeňijilere sowgatlar gowşuryldy. Bäsleşikde çykyş edenler şeýle mümkinçilikleri döredip beren Mähriban Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

  • "Ruhy çyragym"

    Balkan welaýat kitaphanasynyň Hyzmat ediş bölümi tarapyndan Türkmenistanyň halk ýazyjysy, şahyr Nury Baýramowyň doglan gününiň 90 ýyllygyna bagyşlanyp "Ruhy çyragym" ady bilen çeper okaýyş geçirildi. Çeper okaýyşa kitaphana işgärleri, talyplar, okuwçylar gatnaşdylar. Kitaphana işgärleri, talyplar şahyryň ömri we döredijiligi barada çykyş etdiler. Talyplar şahyryň goşgusyny uly höwes bilen okadylar. Çeper okaýyşa gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.

  • "Ýonup döredýärler ajap eseri"

    Balkan welaýat kitaphanasynyň Sungat bölümçesinde Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi, Türkmenistanyň hormatly il ýaşulysy Saragat Babaýewiň 75-ýyllyk ýubileýine bagyşlanyp "Ýonup döredýärler ajap eseri" atly edebi çäre geçirdik. Çärä medeniýet we sungat mekdebiniň mugallymlary, talyplary, şäherimizdäki çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň okuwçylary we gurnak ýolbaşçylary gatnaşdylar. Çärede çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde türkmen heýkeltaraşlarynyň başarjaňlygy bilen sungatyň ýokary ussatlygyna we milli özboluşlygyna eýe bolýanlygy dogrysynda buýsançly gürrüňler edildi.

  • "Arkadag Serdarly Bagtyýar Ýaşlar Ýyly"

    Balkan welaýat kitaphanasy, TÜrkmennebit konserniniň kärdeşler arkalaşygynyň komiteti bilen bilelikde kitaphanada, "Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly" mynasybetli çäre geçirildi. Çäre-de çykyş eden kitaphana işgärleri esasan hem Hormatly Prezidentimiziň adyl syýasatyny goldap wagyz etdiler. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlara döretmäge işlemäge, bagtyýar ýaşamaga ähli mümkinçilikler döredip berýän Mähriban Arkadagymyza Arkadagly Serdarymyza alkyşlar aýtdylar. Arkadagly Serdarymyz biziň üçin görüm-görelde, nusgalyk nekdepdir diýip belläp geçdiler.

  • "Arkadag Serdarly Bagtyýar Ýaşlar Ýyly"

    Balkan welaýat kitaphanasy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat geňeşi bilen bilelikde "Arkadag Serdarly Bagtyýar Ýaşlar ýyly" ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Oňa dürli ulgamlarda zähmet çekýän ýaş hünärmenler gatnaşdylar. Çärede Arkadagly Serdarymyzyň ýaşlara bildirýän uly ynamy barada birnäçe gyzykly gürrüňle edildi. Ýaşlara şeýle bagtyýar zamanada ýaşamaga, işlemäge uly mümkinçilikler döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömürleri uzak bolsun.

  • "Arkadag Serdarly Bagtyýar Ýaşlar Ýyly"

    Balkan welaýat kitaphanasy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat geňeşi bilen bilelikde "Arkadag Serdarly Bagtyýar Ýaşlar ýyly" ady bilen baglanşykly brifing hoşallyk duşyşygy kitaphanada geçirildi. Duşuşykda kitaphana, bilim, sport ulgamlaryndan zähmet çekýän ýaşlar Arkadag Serdarly ýaşlara beýik işler, arzuwlara gol berýän zähmet ýeňişlere garaşýandygy, şol sepgitlere türkmen ýaşlaryna uly orun berilýändigi hakda uly buýsanç bilen belläp geçdiler. Eşretli ertirlerimiziň eýeleri eziz ýaşlar özleriniň ýaşyl Tugumyz ýaly belentde pasyrdaýan göwünlerinden Mähriban Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyşlar aýtdylar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlaryň Watany has-da gülläp össün.

  • "Günüň gelşi säherinden maglumdyr,- Ýylyň gelşi äheňinden maglumdyr"

    Balkan welaýat kitaphanasy we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat geňeşi bilen bilelikde "Güniň gelşi säherinden maglumdyr,- Ýylyň gelşi äheňinden maglumdyr" atly edebi çäre geçirildi. Bu edebi çärämize Balkan welaýat kitaphanasynyň, Balkan welaýat çagalar kitaphanasynyň, Balkanabat şäher merkezi kitaphanasynyň işgärleri, Balkan welaýatynyň hormatly il ýaşulylary we mährem enelerimiz, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky halkara nebit-gaz inuwersitetiniň talyplary we Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyplary gatnaşdylar. Çärä döwletimiziň daýanjy bolan bagtyýar ýaşlara uly ynamyň bildirýänligi dogrysynda buýsançly çykyş etdiler. Hormatly Arkadagymyzyň ýazan eserlerinden düzülen kitap sergilerine talyp ýaşlar syn etdiler.

  • "Arkadag Serdarly Bagtyýar Ýaşlar"

    Balkan welaýat kitaphanasy bilen bilelikde Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşygynyň, Balkan welaýat birleşigi, welaýat zenanlar guramasy, welaýat sport komiteti bilen "Arkadag Serdarly Bagtyýar Ýaşlar" ýyly mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Çärede esasan 2022-nji ýylda guralan bäsleşikli çärelerde ýeňiji bolan edara kärhanalaryň hünärmenlerine Türkmenistanyň kärdeşler Arkalaşygynyň Balkan welaýat birleşigi tarapyndan sowgatlar gowşuryldy. Hem-de Mähriban Arkadagly Serdarymyzyň içeri we daşary syýasatyny goldap kitaphana işgärleri wagyz-nesihat bilen çykyş etdiler. Çäräniň dowamynda Mähriban Arkadagly Serdarymyza alkyşlar aýtdylar.

  • "Bagtyýarlyk bilen gelen Täze ýyl"

    Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň Janahyr şäherçe medeniýet öýünde Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli Gyzylarbat etrap merkezi kitaphanasy bilen Gyzylarbat etrap medeniýet merkezi bilelikde "Bagtyýarlyk bilen gelen täze ýyl" atly edebi sazly çäre geçirildi hem-de kitap sergisi gurnaldy. Çärä medeniýet we sungat işgärleri, mugallymlar gatnaşdylar. Edebi-sazly çäräniň soňunda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza jan saglyk, döwlet ähmiýetli işlerinde üstünlik arzuw etdiler.

  • "Zenan mertebesi"

    Balkan welaýat kitaphanasynda Balkan welaýat kitaphanasy, tarapyndan "Zenan mertebesi" ady bilen çäre geçirildi. Zenan maşgala ojagynyň daýanjydyr, ähli gözellikleriň senesidir. Görüm-göreldäniň mekdebi bolan mähriban enelerimiz diňe sözleri bilen däl, eýsem, özleriniň asylly hereketleri, bilen hem nusgadyr. Çärede 2022-nji ýylda Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ýetilen sepgitler barada kitaphana işgärleri çykyş etdiler. Çäräniň dowamynda ýetip gelýän täze 2023-nji ýyl bilen gutlap, gutlag sözlerini aýtdylar.

  • "Kitap-ylymyň açary"

    Balkan welaýat kitaphanasynda Balkan welaýat kitaphanasy, Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýat birleşmesi bilen bilelikde "kitap-ylymyň açary" ady bilen bäsleşik geçirdiler. Bäsleşige Balkan sement zäwodynyň işgärleri gatnaşdylar. 1-nji 2-nji 3-nji orunlara mynasyp bolan ýeňijilere sowgatlar gowşuryldy. Bäsleşikde çykyş edenler şeýle mümkinçilikleri döredip beren Mähriban Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar. Bäsleşik diýseň täsirli geçdi.

  • "Ata Atajanow-türkmen edebiýatynyň ussat halypasy"

    Balkan welaýat kitaphanasynyň Hyzmat ediş bölümi tarapyndan Türkmenistanyň halk ýazyjysy, şahyr Ata Atajanowyň doglan gününiň 100-ýyllygyna bagyşlanyp "Ata Atajanow-türkmen edebiýatynyň ussat halypasy" ady bilen çeper okaýyş geçirildi. Çeper okaýyşda kitaphanaçylar şahyr Ata Atajanowyň ömri döredijiligi barada çykyş etdiler. Şahyryň goşgularyny uly höwes bilen okadylar. Şahyryň şygyrlarynyň duýgular dünýäsiniň täsinligi, pikir we pelsepe gözýetiminiň durmuşylygy, çeperçiliginiň nepisligi we başga-da birgiden şahyrana gözellikleri bar. Şygyrlary endigan akýan derýalara çalym edýän şahyr Ata Atajanowyň goşgylary okyjylar tarapyndan giňden okalýar.

  • "Bitaraplyk-watan täji"

    Şu gün Balkan welaýat kitaphanasynda "Bitaraplyk-watan täji" atly sergi gurnaldy. Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli gurnalan sergide esasan Mähriban Arkadagymyzyň ýiti galamyndan çykan kitaplary Garaşsyz Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ösüşleri hakyndaky kitaplar goýuldy.

  • "Bitaraplyk bagtym meniň"

    Halkyň Arkadagly zamanasynda toý baýrama beslenen ýurdumyzda uly şowhun bilen bellenip geçilýän Bitaraplyk baýramçylygymyzyň 27 ýyllyk toýy mynasybetli, Balkan welaýat çagalar kitaphanasy hem şäherimizdäki 2-nji çagalar sungat mekdebinde "Bitaraplyk bagtym meniň" atly edebi-sazly çäresini, çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň gatnaşmagynda geçirildi. Çäräniň dowamynda kitaphana işgärleriniň watan baradaky çykyşlary, gurnalan kitap sergileriniň syny, mugallymlaryň gutlaglary şeýle-de çagalaryň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazlar belentden ýaňlandy, Ýaş sazandalaryň ýerine ýetirmeginde daşary-ýurtlaryň sazlarynyň çalynmagy çäräni hasam dabaralandyrdy.

  • "Älemiň çyragy kitap"

    Şu gün Balkan welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýat birleşmesi, Balkan welaýat kitaphanasy bilen bilelikde "Älemiň çyragy kitap" ady bilen zähmet çekýän lukmanlaryň arasynda bäsleşik geçirildi. Bäsleşik has-da täsirli, çekeleşikli geçdi. Hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda "Halkyň Arkadagly Zamanasy" ýylynda dünýäde abraý mertebesi galýan ata watanymyzyň şeýle hem ýurdumyzyň gülläp ösmeginde ylma-bilime kitaba, bolan höwesi söýgini artdyrmak maksady bilen geçirilen bäsleşikde, 1-nji orna lukmancylyk orta hünär okuw mekdebi, 2-nji orna Balkanabat şäherindäki köpugurly hassahanasy, 3-nji orna Balkan welaýatynyň Enäniň we Çaganyň saglygyny goraýyş merkezi mynasyp boldylar. Olara Kärdeşler arkalaşyklaryň gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy. Mähriban Prezidentimize şeýle mümkinçilikleri döredip berýanligi üçin alkyş aýtdylar.

  • "Ussat mukamçy-kompozitor"

    Şu gün Balkan welaýat kitaphanasy, Balkan welaýat ýörite sungat mekdebi bilen bilelikde Balkan welaýat kitaphanasynyň Miras otagynda "Ussat mukamçy-kompozitor" atly edebi-sazly çäre geçirildi. Edebi-sazly çäre esasan Türkmenistanyň halk artisti Akmyrat Çaryýewiň 75 ýyllyk ýubileýine bagyşlanyp geçirildi. Ilki bilen kompozitor hakynda çykyşlar edildi, soňra sungat mekdebiniň talyplarynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazlary ýaňlandy. Kitaphana işgärleri mukamçy-kompozitor hakynda gyzykly gürrüň berdiler. Edebi-sazly çäre has-da gyzykly boldy. Halypalara sarpa goýmaklyga giň ýol açýan Mähriban Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag ömürleri uzak bolsun. Halky bähbitli alyp barýan işleri elmydama rowaç alsyn.

  • "Magtymguly sözlär tili türkmeniň"

    Şu gün Balkan welaýat kitaphanasynda "Magtymguly sözlär tili türkmeniň" ady bilen burç döredildi. Sergide şähyryň kitaplary türkmen şahyrlaryň kitaplary ýerleşdirildi. Sergä mekdep okuwçylary, talyplar gatnaşdylar. Kitaphanaçy Magtymguly şahyryň edep-terbiýe, watançylyk hakyndaky goşgylaryndan hem ýatdan aýdyp berdi. Talyplaryň, okuwçylaryň soraglaryna hem jogap berildi. Hormatly Prezidentimize, Mähriban Arkadagymyza şahsyýetlere goýýan hormatyna, alyp barýan işlerine alkyşlar aýdyldy.

  • "Älemiň çyragy kitap"

    Şu gün Balkan welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýat birleşmesi, Balkan welaýat kitaphanasy bilen bilelikde "Älemiň çyragy kitap" ady bilen bilim ulgamynyň hünärmenleri arasynda bäsleşik geçirildi. Bäsleşik has-da täsirli, çekeleşikli geçdi. Hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda "Halkyň Arkadagly Zamanasy" ýylynda dünýäde abraý mertebesi galýan ata watanymyzyň şeýle hem ýurdumyzyň gülläp ösmeginde ylma-bilime kitaba, bolan höwesi söýgini artdyrmak maksady bilen geçirilen bäsleşikde, 1-nji orna 17-nji orta mekdep, 2-nji orna 3-nji orta mekdep, 3-nji orna 6-njy orta mekdepler mynasyp boldylar. Olara Kärdeşler arkalaşyklaryň gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy. Mähriban Prezidentimize Bilim işgärleri şeýle mümkinçilikleri döredip berýanligi üçin alkyş aýtdylar.

  • "Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri 14-nji jildiniň tanyşdyryş dabarasy"

    Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän "Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri" atly kitabynyň 14-nji jildiniň gelip gowuşmagy mynasybetli Balkan welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýat birleşmesiniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Balkan welaýat bölüminiň, Balkan welaýat kitaphanasy bilen bilelikde gurnamagynda maslahat geçirildi. Maslahata önümçiligiň dürli pudagynda zähmet çekýän kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzlary, zenanlar, lukmanlar gatnaşdylar. Çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp kitabynyň her bir jildiniň sagdyn durmuşy wagyz etmek bilen, türkmen tebigatynyň gözel künjeklerinde bitýän ot-çöpleriniň jana ýaramly serişde bolup durýandygyny uly buýsanç bilen gürrüň berdiler. Maslahatyň dowamynda özleri hakynda edýän aladalary, döredip berýän şerleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza egsilmez alkyşlar aýdyldy.

  • "Alabaý-türkmen halkynyň milli buýsanjy"

    Şu gün Balkan welaýat kitaphanasy Balkan welaýat Taryhy we Ülkäni öwreniş muzeýinde "Alabaý-türkmen halkynyň milli buýsanjy" ady bilen göçme kitap sergi gurnady. Mähriban Arkdagymyzyň ýiti pähiminden dörän eserlerinden kitap sergisine syn eden talyp ýaşlarda uly täsir galdyrdy. Türkmen Alabaýy-wepalylygynyň tebigy nusgasydyr, batyrlygyň hem-de edermenligiň alamatydyr.

  • "Magtymguly-türkmen halkynyň öçmez çyragy"

    Şu gün Balkan welaýat kitaphanasynda "Magtymguly-türkmen halkynyň öçmez çyragy" ady bilen edebi-sazly çäre geçirildi. Çäre-de ýörite sungat mekdebiniň talyplarynyň ýerine ýetirmeginde birnäçe halk aýdymlaryna tomaşa edildi. Çäräniň dowamynda Magtymguly Pyragynyň ömür ýolunyň dowamynda ýazan eserleri barada gürrüň edildi. Häzirki döwürde hem Magtymguly Pyraga aýratyn hormat, sylag goýulýar. Bu zatlaryň hemmesiniň sakasynda duran gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys. Goý olaryň jany sag, başlary dik bolsun.

  • "Türkmen Alabaýlarynyň wepalylygy"

    Şu gün Balkan welaýat kitaphanasy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar Guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi bilen bilelikde "Türkmen Alabaýlarynyň wepalylygy" ady bilen talyplar we kitaphanaçylaryň arasynda edebi çäre geçirildi. Çäre-de çykyş eden kitaphanaçylar we talyplar Türkmen Alabaýlaryny dünýä tanatmakda Mähriban Arkadagymyzyň alyp barýan işleri hakynda boldy. Esasan 2019-njy ýylda Mähriban Arkadagymyzyň "Türkmen Alabaýy" atly üç dilde Türkmen, iňlis, rus dillerinde çykan kitabyndan taryhy wakalary gürrüň berdiler. Çäre has-da ýaşalara, talyplara täsirli boldy.

  • "Älemiň çyragy kitap"

    Şu gün Balkan welaýat kitaphanasynyň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýat birleşmesiniň, "Türkmennebit" döwlet konserniniň kärdeşler arkalaşygynyň komitetiniň bilelikde yglan eden "Älemiň çyragy kitap" atly bäsleşigi geçirildi. Bäsleşik dört şertden ybarat bolup, Hormatly Prezidentimiziň ösüşlerine beslenip nebit-gaz pudagynda zähmet çekýän kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzalarynyň arasynda gurnalyp, Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän kitaplary esasynda taýýarlanylan soraglara jogap bermek, ýurdumyzyň ösüşlerini, nusgawy şahyrlaryň goşgy bentleri aýdyldy. Bäsleşikde 1-nji orna "Goturdepenebit" nebit gaz çykaryş müdirligi ýeňiji boldy. 2-nji orna Nebitdag buraw işleri ýeňiji boldy. 3-nji orna "Nebitdagnebit" nebit gaz çykaryş müdirligi ýeňiji boldy.

  • "Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri XIV"

    Şu gün Balkan welaýat kitaphanasynda Mähriban Arkadagymyzyň "Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri" atly kitabynyň 14-nji jildiniň tanyşdyryş dabarasy geçirildi. Dabara Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebiniň talyplary, kitaphanaçylar, talyplar, Alym Arkadagymyzyň bu kitaby hakynda ýakyndan gürrüň berdiler. BU ylmy esere girizilen ösümlikleriň atlarynyň üç dilde, ýagny türkmen, rus, iňlis dillerinde ýazylandygyny hem belläp geçdiler. Täze eýýamyň Galkynyşly döwründe ýurdumyzda ilatymyzyň Saglygyny has-da berkitmekde ägirt uly işleri bitiren alym Arkadagymyzyň galamy ýiti bolsun, täze kitabynyň höwri köp bolsun.

  • "Türkmenistanyň elektroenergiýa kuwwaty"

    Şu gün Balkan welaýat kitaphanasynda Balkan welaýat kitaphanasy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi bilen bilelikde Gahryman Arkadagymyzyň "Türkmenistanyň elektroenergiýa kuwwaty" atly täze eserine tanyşdyryş dabara geçirildi. Arkadagymyzyň ýiti paýhasyndan inen bu eser ylmyň täzeçiligi, döwrebap tehnologiýalar, sanly bilimiň ösüşe peýdasy, elektroenergetikanyň taryhy we şu güni hakynda ýazylan eser. Bu eser gelejek-de ýaşlara uly gollanma bolup durýar. Çykyş edenler Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyzya alkyş sözlerini aýtdylar.

  • "Sagdyn Raýat-Bagtyýar jemgyýet"

    Şu gün Balkan welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýat birleşmesi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Balkan welaýat bölümi, Balkan welaýat kitaphanasy bilen bilelikde "Sagdyn raýat-bagtyýar jemgyýet" ady bilen çäre geçirildi. Çäre-de çykyş eden kitaphana işgärleri, saglygy goramak işgärleri eziz Diýarymyzda durmuşa geçirilýän ähli işler, döwletiň iň gymmatly hazynasy bolan adamyň saglygy bilen baglanyşykly gatnaşyklar barada çykyş etdiler. Hormatly Prezidentimiziň baş aladasy halkyň esasy ýaşlaryň sagdyn bolmagy üçin ähli şertler döredilmegini gazanmakdyr. Hormatly Prezidentimiziň jany-sag ömri uzak bolsun. Parahat sagdyn durmuşda ýaşamaga döredip berýän ähli mümkinçiliklerine Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan işleri elmydama rowaç alsyn.

  • "Türkmenistan sagdyn nesilleriň ýurdy"

    Şu gün Balkan welaýat kitaphanasy bilen Balkan welaýat Sport ýaşlar syýasaty baş müdirligi Ýurdumyzyň sport ulgamynyň ösüşleri we kitaphanada alnyp barylýan işler dogrysynda gürrüňdeşlik geçirildi. Ösüp gelýän ýaş nesilleri ylymly-bilimli we sagdyn ruhybelent nesil edip ýetişdirmek barada gürrüň edildi. Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan içerki we daşarky syýasatyny wagz edip geljekde ýene birnäçe işleri meýilleşdirmegiň üstünde durulyp geçildi. Hormatly Prezidentimiziň ýurmdumyzyň ýaşlaryna işlemäge, okamaga döretmäge berýän mümkinçiliklerine alkyşlar aýdyldy.

  • "Dilleri senaly ýaşulular"

    Balkan welaýat kitaphanasynda kitaphanaçylar Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli "Dilleri senaly ýaşulular" ady bilen duşuşyk geçirdiler. Duşuşyga il sylagly ýaşulularymyz, mährem enelerimiz gatnaşdylar. Duşuşykda ak sakgally, il sylagly ýaşulularymyz, mährem enelerimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyş döwründe ýetilen sepgitler dogrusynda çykyş etdiler. Pederlerimize mahsus zähmetsöýerligi, agzybirligi, pähim-paýhaslylygy, ulyny sylamagy, kiçä hormat goýmagy wagyz etdiler. Ýaşulularymyz Hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.

  • "Watanyň kuwwaty ýaşlar"

    Şu gün Balkan welaýat kitaphanasynda Balkanabat şäher ýaşlar guramasy, Balkan welaýat kitaphanasy bilen bilelikde kitaphananyň Mejlisler zalynda geçirilen Döwlet Maslhatyna hoşallyk çäresini geçirdi. Türkmenistanyň Şanly Garaşsyzlygynyň 31-ýyllygyna bagyşlap Döwlet maslahatynyň geçirilmegi, Türkmen halkyny, esasan hem ýaşlary begendirdi, buýsandyrdy. Döwlet Maslahatynda köp meselelere garaldy. Türkmen halkynyň zähmetkeşlerine, medeniýet işgärlerine döwlet sylaglary gowşuryldy. Ýaş çatynjalara döwlet tarapyndan ýeňilliklerden peýdalanyp berilýän karz pullaryň möçberini, wagtyny uzaltmak hakyndaky permanlara Hormatly Prezidentimiziň gol çekmegi ýaşlary has begendirdi, olaryň alkyşlarynyň çägi bolmady. Şu günki çärede hem çykyş edenler Mähriban Prezidentimiziň alyp barýan işlerine alkyş aýtdylar. Dabaraly çäre has täsirli geçdi. Döwlet Baştutanymyz çykyşlarynyň dowamynda bedenterbiýäniň we sportyň jemgyýetiň sazlaşykly ösüşini üpjün edýändigini, ruhubelentligi terbiýeleýändigini nygtady. Ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat çärelerini geçirmek elbetde kitaphanaçylar üçin uly borç bolup durýar.

  • "Garaşsyzlyk şan getirdi bagtdan paýly halkyma"

    Balkan welaýat kitaphanasynyň Sungat bölümçesi bilen Balkanabat şäheriniň merkezi şäher kitaphanasy şanly Garaşsyzlygymyzyň 31-ýyllyk baýramçylygyna bagyşlap "Garaşsyzlyk şan getirdi bagtdan paýly halkyma" atly edebi çäre geçirildi. Çärede medeniýet we sungat bilim işgärleri mekdep okuwçylary gatnaşdylar. Çärede çykyş edenler Garaşsyzlyk ýyllary içinde bolup geçýän ösüşler, özgerişlikler we ýetilen sepgitler dogrusyndaky gürrüňlere uly ähmiýet berildi. Mekdep okuwçylary Garaşsyzlyk barada goşgylar okadylar. Çäräniň ahyrynda Watanymyzy ösdürmek ugrunda hemme şertleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden alkyşly sözler aýdyldy.

  • "Şanly Garaşsyzlykda galkynan Watan"

    Balkan welaýat kitaphanasynda Balkan welaýat kitaphanaçylary bilen bilelikde Balkanabat şäheriniň Saglygy goraýyş işgärleriniň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Geňeşi tarapyndan Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli "Şanly Garaşsyzlykda galkynan Watan" ady bilen edebi çäre geçirildi.

  • "Garaşsyzlyk pederleriň arzuwy"

    Şu gün Balkan welaýat çagalar kitaphanasynyň işgärleri Balkanabat şäherindäki çeperçilik mekdebinde Şanly Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli edebi sazly çäre geçirildi. "Garaşsyzlyk pederleriň arzuwy" atly edebi sazly çäre diýseň manyly geçdi. Çärede çeperçilik mekdebiniň okuwçylary ýerli şahyrymyz Täzegül Japarowa we kitaphana işgärleri gatnaşdyrlar. Çärä gatnaşanlar Hormatly Arkadagymyza Arkadagly Serdarymyza bizi şeýle ajaýyp durmuşda ýaşadýanlygy üçin öz minnetdarlyklaryny bildirdiler.

  • "Barýas Güller sepip, Arkadagly Serdar bilen"

    Şu gün Balkan welaýat kitaphanasynda Şanly Garaşsyzlygymyzyň 31-ýyllyk baýramyna bagyşlap kitaphanada edebi-sazly çäre geçirildi. "Barýas Güller sepip, Arkadagly Serdar bilen" atly edebi-sazly çäre diýseň manyly geçdi. Çykyş eden kümüş saçly eneler ene ýüreginden çykyş edip, öz ýazan goşgylaryndan hem joşup okap berdiler. Kitaphanaçylar ýaş talyp ýaşlara Garaşsyzlyk türkmeniň baky arzuwy hakynda çykyş etdiler. Mundan başga-da şäherimizdäki ýörite sungat mekdebiniň talyplary Watan hakynda aýdym aýtdylar. Ýörite kitaphanada "Garaşsyzlyk-türkmeniň arzuwlan eýýamy" atly kitap sergileri hem gurnaldy. Türkmen halkynyň Şanly Garaşsyzlyk baýramy, türkmen halkyna, Mähriban Prezidentimize Bagtyýarlyk getirsin. Toýlar-toýa ulaşsyn.

  • "Kitap-ylmyň gözbaşy"

    Balkan welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçylary tarapyndan Balkanabat şäheriniň iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 25-nji orta mekdebinde "Kitap-ylmyň gözbaşy" ady bilen bäsleşik geçirildi. Bäsleşik ýaşlaryň zehinlerini çuňlaşdyrmak we olary watançylyk ruhunda terbiýelemek, Berkarar döwletimiziň Galkynyş eýýamynyň bagtyýar ýaşlarynyň kitap okamaklyga bolan söýgüsini artdyrmak maksady bilen geçirildi. Has tapawutlanan okuwçylar baýrakly orunlara mynasyp boldular. Bäsleşik has-da täsirli geçirildi.

  • "Watanymyzy-gülletjek ýaşlar"

    Balkan welaýat kitaphanasy bilen Balkan welaýatynyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasy bilen bilelikde Balkan welaýat kitaphanasynyň Mejlisler zalynda Arkadagly Serdarymyzyň 1-nji sentýabrda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasy bilen Arkadagly Serdarymyz ýaşlar bilen duşuşdy. Ýaşlarda ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek ýaly köp meselelere garady Ýaşlaryň milli we dünýä medeniýetine goşulmagyny gazanmak ýaly meselelere garady. Hormatly prezidentimiz Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň 7-nji Gurultaýyny geçirdi. Gurultaýda esasan Hormatly Prezidentimiz bu günki günde döwleti dolandyrmak ýaşlardygyny, ýaşlaryň zähmeti baýdak edinmelidigini belläp geçdi. Ýaşlar üçin alyp barýan işlerine ýaşlarymyzyň alkyşlarynyň çägi ýokdur.

  • "Ýurt berkarar il-bagtyýar"

    Balkan welaýat kitaphanasy bilen Balkan welaýat sport we ýaşlar syýasat baş müdirligi bilelikde 2022-nji ýylyň 15-16-njy awgustynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen, deňize çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatynyň geçirilmeginiň ähmiýetine bagyşlanan "Ýurt berkarar il-bagtyýar" atly wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Maslahatda forumyň ähmiýeti we onda kabul edilen çözgütler barasynda giňişleýin gürrüňler edildi. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzyň ulag ulgamyny ösdürmekdäki alyp barýan tutumly işleri üçin Arkadagly Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

  • "Arkadagyň eserleri geçmişiň-geljegiň beýany"

    Balkkan welaýat kitaphanasynda Balkan welaýat kitaphanasy tarapyndan Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserlerine bagyşlap "Arkadagyň eserleri geçmişiň-geljegiň beýany" ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde kitaphana işgärleri çykyş etdiler. Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş berýän gyzyldan gymmatly kitaplary bagtyýar raýatlarymyzyň her biriniň ýan kitabyna öwrülip, olar ajaýyp zamanamyzyň bezegidir hem-de buýsanjydyr.

  • "Ýaşa türkmen Arkadaga buýsanyp"

    Balkan welaýat kitaphanasynyň syýasy-jemgyýetçilik edebiýatlar bölümi tarapyndan "Ýaşa türkmen Arkadaga buýsanyp" atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlige Balkanabat merkezi şäher kitaphanasynyň we Balkan welaýat çagalar kitaphanasynyň kitaphanaçylary gatnaşdylar. Çärede Hormatly Arkadagymyzyň paýhasy bilen döwürde durmuşa geçiren işleri eziz Diýarymyzyň gülläp ösüşi, halkara abraýyny belende götermek barada kitaphana işgärleri çykyş etdiler. Hormatly Prezidentimize Arkadagly Serdarymyza alkyşlar aýtdylar.

  • "Magtymguly danasy sen dünýäniň"

    Balkan welaýat kitaphanasy we şäher merkezi kitaphanasy bilen bilelikde Balkan welaýat kitaphanada "Magtymguly danasy sen dünýäniň" atly edebi çäre geçirildi. Çärede kitaphana işgärleri Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi barada gyzykly çykyş etdiler. Akyldar şahyryň goşgylaryndan okap berdiler. Çäräniň ahyrynda Magtymguly Pyragynyň kitaplaryndan gurnalan sergä syn etdiler. Magtymguly Pyragy hakynda gyzykly sorag jogap alyşdylar.

  • "Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň waspy"

    Balkan welaýat häkimligi, Balkan welaýat kitaphanasy, Balkan welaýat demokratik partiýasy we Balkanabat şäher demokratik partiýasy bilen bilelikde Balkan welaýat kitaphanasynda "Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň waspy" atly Balkanabat çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň çeken suratlaryndan suratkeşleriň sergisi gurnaldy. Sergide ýaş nesilleriň häzirki ajaýyp döwrümizi wasp edip çeken suratlaryna uly gyzyklanma bilen syn edildi. Serginiň dowamynda Balkan welaýat kitaphanasynyň Hyzmat ediş bölüminiň gurnan "Magtymguly sözlär tili türkmeniň" atly sergisini hem kitaphananyň hünärmenleri tarapyndan syn edildi. Bize şeýle ajaýyp zamanada ýaşamana, işlemäne uly mümkinçilikler döredip berýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

  • "Kitap paýhas Hazynasy"

    Balkan welaýat kitaphanasynyň Syýasy-jemgyýetçilik edebiýatlar bölümi kitaphananyň girelge zalynda "Kitap paýhas hazynasy" atly sergi gurnady. Sergide goýlan kitaplar tomus dynç-alyş möwsüminde dynç alýan okyjylaryň kitaphana gelip, kitap okaýan okyjylaryň ünsüni has hem özüne çekdi. Sergide çeper edebiýatlara degişli bolan gyzykly kitaplar ýerleşdirildi.

  • "Ýaşulularyň wesýeti nesillere dowamat"

    Şu gün Balkan welaýat kitaphanasynyň Syýasy-jemgyýetçilik edebiýatlar bölüminiň "Ýaşulularyň wesýeti nesillere dowamat" ady bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşykda Hormatly ýaşulularymyz Maşgala wepadarlygy edep-terbiýe, öwüt-ündewleri barada gürrüň berdiler. kitaphana işgärleri edep-terbiýe barada gyzykly goşgylar, rowaýatlar aýtdylar. Ýaşulularymyz gyzykly täsirli çykyş etdiler. Hormatly Prezidentimize Arkadagly Serdarymyza Alkyşlar aýdyldy.

  • "Kitap bilen Älem syry açylýar"

    Şu gün Balkan welaýat kitaphanasynda "Kitap bilen Älem syry açylýar" ady bilen edebi-sazly çäre geçirildi. Onda medeni-miras hakynda, gadymy kitaphanalar, däp-dessurlarymyz hakynda gyzykly gürrüňler edildi. Birnäçe halk aýdymlar çykyş edildi. Bizi şeýle bagtyýar zamanada ýaşamaga işlemäge uly müňkinçilikler döredip berýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, başy dik ömri uzak bolsun.

  • "Berkarar Döwletimiziň Bagtyýar nesilleri"

    Şu gün "Berkarar Döwletimiziň Bagtyýar Nesilleri" ady bilen Balkan welaýat kitaphanasynyň Hyzmat ediş bölümi tarapyndan çagalar bilen duşuşyk geçirildi. Muňa bir näçe çagalar baglaryndan çagalar gatnaşdylar olar birnäçe erteki diňlediler. Multifilma seretdiler. Bize şeýle uly mümkinçilikler döredip berýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, başy dik bolsun!

  • "Saglygym-begligim"

    Şu gün Balkan welaýat kitaphanasynda lukmanlar bilen "Saglygyň gadryn bilgil, hassa bolmazdan burun" atly hünär duşuşygy güçirildi. Bu hünär duşuşygy geçirildi. Bu hünär duşuşygyna şäherimizdäki saglygy goraýyş edaralarynyň lukmanlary gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda Hormatly Przeidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda halkyň saglygyny goramak döwlet syýasatynda ileri tutylýan wajyp ugurlaryň biridigini bellenip, milli saglygy goraýyş ulgamynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýandygy, "Saglyk" Döwlet maksatnamasy uly ähmiýete eýedi bellenip geçildi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe saglyk maksatnamasynda dünýä nusgalyk bolup, saglyk ulgamynyň ösüşleri hem-de kitap sergiler gurnalyp we melhem çaýlaryň ullanylşy bardaky söhbetdeşlik has-da täsirli boldy. Çäräniň ahrynda Saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkanabat ş.Geňeşi tarapyndan sowgatlar gowşuryldy.

  • "Gel seýran edeli atam, türkmen iline"

    Balkan welaýat Baş bilim müdirligi bilen Balkan welaýat kitaphanasy Medeniýet we Sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli "Gel seýran edeli atam, türkmen iline" atly şahyrlar bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşykda şahyrlar Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň giň mazmunly, çuň manyly, öňden görüji aýdan pikirlerine salgylandylar. Şahyryň eserleriniň bakylygyna, şu güne çenli halk bilen bile ýaşaýandygyny we ýene-de asyrlar boýy dowam etjekdigi dogrysynda giňden çykyş etdiler. Şahyrlar Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyraga bagyşlap öz döreden täze goşgylaryny okadylar.

  • "Milli medeniýetim bagtyýar bu gün"

    Şu gün Balkan welaýat kitaphanasynda "Milli medeniýetim Bagtyýar bu gün" atly aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi. Bu maslahat Balkan welaýat kitaphanasy hem-de Bakanabat şäher demokratik partiýasy bilen bilelikde geçirdi. Maslahat 27-nji iýun Medeniýet we Sungat işgärleriniň güni hem-de Magtymguly Pyragynyň şygyrýet güni mynasybetli geçirildi. Çärede çykyş eden demokratik partyýasyna agza kitaphanaçylar, Medeniýet işgärler türkmen medeniýetini dünýä ýaýmakda Mähriban Arkadagymyza, Arkadagly Prezidentimize alkyş aýtdylar. Maslahatyň dowamynda talyplaryň ýerine ýetirmeginde aýdym-saz aýtdyryldy hem-de Medeniýet we Sungat işgärlerine ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

  • "Arkadagyň sungaty-göwünleriň ganaty! Pyragynyň Arzuwlan zamanasy"

    Şu gün Balkan welaýat kitaphanasynyň Syýasy-jemgyýetçilik edebiýatlar bölümi hem-de Saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkanabat şäher geňeşi bilen "Arkadagyň sungaty-göwünleriň ganaty! Pyragynyň Arzuwlan zamanasy" atly edebi çäre geçirdi. Çäre-de çykyş eden kitaphana işgärleri, lukmanlar Türkmen medeniýeti Sungaty parahatçylygyň, dost-doganlygyň owazyny dünýä ýaýylýan zamanamyzy wasp etdiler. Magtymguly Pyragynyň manydan doly şygyrlaryny okadylar. Gurnalan sergä hem syn etdiler. Çäräniň ahyrynda ähli mümkinçilikleri döredýän Mähriban Arkadagymyza, Arkadagly Prezidentimize alkyşlar aýtdylar.

  • "Magtymguly sözler tili türkmeniň"

    Şu gün Balkan welaýat kitaphanasy Balkanabat şäherindäki Magtymguly seýilgähinde "Magtymguly sözlär tili türkmeniň" ady bilen göçme sergi gurnaldy. Sergi 27-nji iýun Medeniýet we Sungat işgärleriniň güni hem-de Magtymguly Pyragynyň şygyrýet güni mynasybetli güçirildi. Sergide esasan Mähriban Arkadagymyzyň ýiti galamyndan halkyna peşgeş beren kitaplary, Magtymguly Pyragynyň goşguly kitaplary, Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyraga bagyşlanan Şahyr, ýazyjylaryň kitaplary halkymyza, okyjylarymyza hödürlenip görkezildi. Görkezilen Segi kitap söýüji okyjylarda uly täsir galdyrdy.

  • "Arkadagyň pähiminden, Magtymgulynyň paýhasyndan arşa galan medeniýetim, sungatym"

    Medeniýet we Sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet günine bagyşlap Balkan welaýat kitaphanasynyň Sungat bölümçesi bilen Balkanabat merkezi şäher kitaphanasy "Arkadagyň pähiminden, Magtymgulynyň paýhasyndan arşa galan medeniýetim, sungatym" atly edebi-sazly çäre geçirildi. Çärä medeniýet we sungat işgärleri, mugallymlar gatnaşdylar. Balkanabat şäherindäki ýörite orta sungat mekdebiniň bagşy-sazandalary bolsa aýdym-saz bilen çykyş etdiler. Çärede çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň medeniýeti, sungaty ösdürmekde döwlet derejesinde alnyp barylýan ileri dorgysyndaky gürrüňlere giň gerim berildi.

  • "Türkmen medeniýeti-halkyň öçmejek nury"

    Balkan welaýat kitaphanasynyň Hyzmat ediş bölümi "Türkmen medeniýeti-halkyň öçmejek nury" ady bilen 27-nji iýun-Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli çäre geçirdi. Çärede çykyş edenler türkmen medeniýetiniň ösüşi barada gürrüň berdiler. Magtymguly atamyzyň ajaýyp goşgylaryny okap berdiler. Bizi şeýle bagtyýar zamanada ýaşadýan Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, başy dik bolsun.

  • "Medeniýet milletimiziň mertebesidir"

    Balkan welaýat kitaphanasy Şu gün "Medeniýet milletimiziň mertebesidir" atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşlik Medeniýet we Sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly pyragynyň şygyrýet günine bagyşlap geçirildi. Çäre-de çykyş eden kitaphana işgärleri esasan Arkadagly prezidentimiziň ýolbaşçylygynda medeniýet we sungatyň özgerişikleri barada gürrüň berdiler. Mähriban Arkadagymyzň tagallasy bilen her ýyl 27-nji iýunynda Medeniýet we Sungat işgärleriniň Meşhur türkmen Şahyry Magtymguly pyragynyň baýramy ýylda bellenilmegi türkmen halkynyň ruhyny has-da baýlaşdyrýar, toýlaryny-toýa ulaşdyrýar.

  • "Ylym-ösüşiniň binýady "

    Balkan welaýat kitaphanasynyň Hyzmat ediş bölümi tarapyndan 12-nji, 18-nji orta mekdepleriň mugallymlarynyň gatnaşmaklarynda 12-nji Iýun- Ylymlar güni mynasybetli "Ylym-ösüşiniň binýady" ady bilen gürrüň geçirildi. Gürrüňde Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylmy, bilimi ösdürmekde badalga berlen özgertmeler dogrusynda çykyş etdiler. Döwletimiziň ösüşlerini dowam etdirjek kämil hünärmenleriň kemala gelýändigini buýsanç bilen aýtdylar.

  • "Ekologiýa abadançylygy ýurdumyzyň ösüşi"

    "Ekologiýa abadançylygy ýurdumyzyň ösüşi" ady bilen Balkan welaýat kitaphanasynda 5-nji iýun Daşky gurşawy goramak bütindünýä güni mynasybetli Balkan welaýat Daşky gurşaw baradaky müdirligi we Balkan welaýat Agrar partiýasy bilen bilelikde Balkan welaýat kitaphanasy çäre geçirdiler. Çärede Tebigatymyzy, Daşky gurşawymyzy aýawly saklamak barada gürrüň berdiler. Arkadagly Serdarymyza uly sagbolsun aýtdylar. Çärä bagyşlanyp sergi gurnaldy.

  • "Biz Bagtyýar Nesiller"

    "Biz bagtyýar nesiller" ady bilen çagalary goramagyň halkara günine bagyşlap Balkan welaýat kitaphanasynyň Sungat bölümçesi tarapyndan çagalar otagynda edebi-çäre geçirildi. Edebi-çärede çykyş edenler kitaphana işgärleri Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşly döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda çagalaryň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek hem-de ösüp gelýän ýaş nesilleriň döwrebap bilim almaklary üçin döredip berýän mümkinçilikleri dogrysyndaky çykyşlara giň gerim berdiler. Şeýle hem çagalaryň aýdyp bermeginde Watanymyzy wasp edýän goşgylar diňlendi.

  • "Çagalar-biziň guwanjymyzdyr"

    2022-nji ýylyň maý aýynyň 26-na Balkan welaýat kitaphanasynyň çagalar otagynda 1-nji iýun çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli "Çagalar-biziň guwanjymyzdyr" ady bilen Baş Bilim müdirligiň ähli çagalar bagynyň körpeleriniň gatnaşmagynda çäre geçirildi.

  • "Magtymguly Pyragy-türkmen edebiýatynyň şamçyragy"

    Balkan welaýat kitaphanasynyň Hyzmat ediş bölüminiň kitaphanaçylary tarapyndan Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň gatnaşmagynda akyldar şahyr Magtymguly Pyraga bagyşlanyp "Magtymguly Pyragy-türkmen edebiýatynyň şamçyragy" ady bilen okyjylar konferensiýasyny geçirdiler.

  • "Türkmen halysy-asyrlarynyň owazy"

    Balkan welaýat kitaphanasy şu gün Miras otagynda Türkmen halysynyň we dokma senagatynyň işgärleriniň güni mynasybetli "Türkmen halysy- asyrlaryň owazy" atly çäre geçirdi. Çäre-de türkmen gelin-gyzlarynyň çeper ellerinden döredýän nepis haly Sungaty barada kitaphana işgärleri giňişleýin gürrüň berdiler. Mähriban Arkadagymyzyň ýiti galamyndan çykan haly baradaky "Arşyň nepisligi", "Janly rowaýat" atly kitaplaryndan hem çykyş etdiler. Çäre has gyzykly ýatda galdyryjy boldy. Arkadagly Prezidentimize hem uzak ýaş, jan saglyk arzuw etdiler.

  • "Gölleriňde asyrlaryň ýaňy bar"

    Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyş döwründe Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda her bir gününi toýdyr baýramçylyklara beslenip gelýär. Şu gün Balkan welaýat kitaphanasynyň sungat bölümçesi bilen Balkanabat şäheriniň saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler Arkalaşyklary bilen bilelikde Türkmen halysynyň baýramyna bagyşlap "Gölleriňde asyrlaryň ýaňy bar" ady bilen edebi çäre geçirdik. Çärede çykyş edenler Gahryman Prezdentimiziň Milli gymmatlyklarymyzy gorap saklamakda, edebi mirasymyzy, sungatymyzy ösdürmekde we olary wagyz etmekde döredýän mümkinçilikleri barada giňişleýin gürrüňler edildi.

  • "Ömrümiň manysy" atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

    Balkan welaýat kitaphanasynyň Mejlisler zalynda Balkan welaýat Saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Balkanabat şäher Geňeşi, Balkan welaýat kitaphanasy bilen bilelikde Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhammedowyň "Ömrümiň manysy" atly kitabynyň tanyşdyryş dabarasyny geçirdiler. Çykyş eden kitaphana işgärleri, lukmanlar. Kitabyň manysyny okyjylara giňişleýiň gürrüň berdiler. Mähriban Arkadagymyzyň täze kitabynda özüniň manyly günlerini okyjy bilen paýlaşýar. Kitaphana işgärleri kitabyň manysy hakynda gyzykly gürrüňleri berdiler. Mähriban Arkadagymyzyň galamynyň ýiti bolmagyny çykyş eden kitaphana işgärleri, lukmanlar arzuw etdiler.

  • "Kitap geçeni, geljegi öwredýän dana"

    Balkan welaýat Kitaphanasynda, Balkan welaýat kitaphana, Balkan welaýat Baş bilim müdirligi bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasy bilen bilelikde "Kitap geçeni, geljegi öwredýän dana" ady bilen bäsleşigiň 4-nji tapgyry geçirildi. 4-nji tapgyrda 1-2-3-nji tapgyrda 1-nji orna mynasyp bolan mekdep okuwçylary bäsleşdiler. Bäsleşigiň 4-nji tapgyrynda 1-nji orna Balkanabat şäheriniň 6-njy orta mekdebi bolup ýylyň iň göreldeli mekdebi adyna eýe boldular. 2-nji orna Balkanabat şäheriniň 14-nji orta mekdebiniň okuwçylary mynasyp boldular. 3-nji orna bolsa Balkanabat şäheriniň 11-nji orta mekdebiniň okuwçylary mynasyp boldular. Ýeňiji bolan okuwçylar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan sowgatlar gowşuryldy.

  • "Konstitusiýa kämillige-agzybirlige tarap! Parahatlyk bilen parla ýaşyl Baýdagym"

    Şu gün Balkan welaýat kitaphanasynyň Mejlisler zalynda Balkanabat şäheriniň Saglygy goraýyş işgärleri bilen kitaphanaçylar bilelikde "Konstitusiýa kämillige-agzybirlige tarap! Parahatlyk bilen parla ýaşyl Baýdagym" ady bilen edebi çäre geçirildi. Bu çäre-de lukmanlar, kitaphanaçylar öz çykyşlarynda Ýaşyl Tugumyzyň hem-de konstitusiýa hakynda taryhy wakalary baglanyşdyryp gyzykly gürrüňleri berdiler. "Ýaşyl Baýdagym Buýsanjym" atly Sergi hem gurnaldy. Geçirilen çäre Myhmanlaryň ýadynda hemişelik galdyryjy boldy. Çäräniň soňunda Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag bolmagyny, işiniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

  • "El hünäri zenan dünýäsiniň bezegi"

    "El hünäri zenan dünýäsiniň bezegi" ady bilen 12-nji Maý güni Balkan welaýat kitaphanasynyň Sungat bölümi edebi-sazly çäre geçirdi. Edebi-sazly çäre-de çykyş eden kitaphana işgärleri, Mugallymlar zenanlarynyň el işleri hakynda nepis halylaryň dokalyşy, çekilýän el keşdeler barada gyzykly gürrüňler berdiler. Balkan welaýat ýörite sungat Mekdebiniň talyplary aýdym-saz bilen çykyş etdiler. Mekdep okuwçylarynyň el işlerinden ýörite sergiler hem Miras otagynda gurnaldy.

  • "Kitap geçeni, geljegi öwretýän dana""

    Balkan welaýat kitaphanasy, Balkan welaýat Baş Bilim müdirligi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar birleşiginiň Balkan welaýat Geňeşi bilen bilelikde "Kitap geçeni, geljegi öwretýän dana" ady bilen 4-tapgyrdan ybarat bolan bäsleşigiň 3-nji tapgyry şu gün geçirildi. Bäsleşik Mekdep okuwçylarynyň 8-10-synpy gatnaşýar. 3-nji tapgyrynda 6-njy orta Mekdebiň okuwçylary 4-nji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandy. Bäsleşigiň esasy maksady ösüp gelýän ýaş nesilleri kitap okamaga, Türkmenistan döwletinde alnyp barylýan halk bähbitli döwlet ähmiýetli syýasy işlerinden habarly bolmak, Mähriban Aradagymyzyň ýiti galamyndan çykan kitaplary okamaklyga bolan höwesi güýçlendirmekdir. "Halkyň Arkadagly Zamanasy" atly sergi hem kitaphanada gurnaldy.

  • "Kitap geçeni, geljegi öwretýän dana""

    Balkan welaýat kitaphanasy, Balkan welaýat Baş Bilim müdirligi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar birleşiginiň Balkan welaýat Geňeşi bilen bilelikde "Kitap geçeni, geljegi öwretýän dana" ady bilen 4-tapgyrdan ybarat bolan bäsleşigiň 2-nji tapgyry şu gün geçirildi. Bäsleşik Mekdep okuwçylarynyň 8-10-synpy gatnaşýar. 2-nji tapgyrynda 14-nji orta Mekdebiň okuwçylary 4-nji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandy. Bäsleşik 3-gün dowam eder. Bäsleşigiň esasy maksady ösüp gelýän ýaş nesilleri kitap okamaga, Türkmenistan döwletinde alnyp barylýan halk bähbitli döwlet ähmiýetli syýasy işlerinden habarly bolmak, Mähriban Aradagymyzyň ýiti galamyndan çykan kitaplary okamaklyga bolan höwesi güýçlendirmekdir. "Halkyň Arkadagly Zamanasy" atly sergi hem kitaphanada gurnaldy.

  • "Kitap geçeni, geljegi öwretýän dana""

    Balkan welaýat kitaphanasy, Balkan welaýat Baş Bilim müdirligi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar birleşiginiň Balkan welaýat Geňeşi bilen bilelikde "Kitap geçeni, geljegi öwretýän dana" ady bilen 4-tapgyrdan ybarat bolan bäsleşigiň 1-nji tapgyry şu gün geçirildi. Bäsleşik Mekdep okuwçylarynyň 8-10-synpy gatnaşýar. 1-nji tapgyrynda 11-nji orta Mekdebiň okuwçylary 4-nji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandy. Bäsleşik 3-gün dowam eder. Bäsleşigiň esasy maksady ösüp gelýän ýaş nesilleri kitap okamaga, Türkmenistan döwletinde alnyp barylýan halk bähbitli döwlet ähmiýetli syýasy işlerinden habarly bolmak, Mähriban Aradagymyzyň ýiti galamyndan çykan kitaplary okamaklyga bolan höwesi güýçlendirmekdir. "Kitap adamzadyň köňül nagşydyr" atly sergi hem kitaphanada gurnaldy.

  • "Watan goragyna galkan bolan pederler"

    Welaýat kitaphanasynda Beýik ýeňişiň 77 ýyllygyna çäre geçirildi. Çäre kitaphana işgärleri hem-de ak saçly eneler uruşyň ýetiren elhençligi hakynda çykyş etdiler. Şahyr, Mugallym Gaýrat Medalynyň eýesi Täzegül Japarowa öz düzen goşgylaryny okap berdi. 16-njy orta Mekdebiň Mugallymy, Şahyr Gurbangül Esenowa hem öz goşgylary bilen çykyş etdi çäre has-da gyzykly geçdi. Kitaphana işgärleri Arkadagly Serdarymyza uzak, ömür, jan Saglyk arzuw etdiler.

  • "Ömrümiň manysy"

    Şu gün Balkan welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Balkanabat şäher komiteti bilen bilelikde Arkadagymyzyň "Ömrümiň manysy" atly kitabynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi. Onda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň bu ajaýyp eserini ussatlyk bilen wagz etdiler. Kitapda Arkadagymyzyň ömrüniň dowamynda diňe bir geçilen ýol we edilen işler barada oýlanmak bilen çäklenmän, eýsem, durmuşda mundan beýläk-de nämeleri etmelidigi barada, pikirlenmegiň her bir adamyň borjudygyny aýratyn nygtaýar. Goý Gahryman Arkadagymyzyň şeýle eserleriniň höwri köp bolsun! Hormatly Prezidentimiziň, Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, başy dik bolsun!

  • "Ömrümiň manysy"

    "Ömrümiň manysy" atly Mähriban Arkadagymyzyň täze kitabyna Balkan welaýat kitaphanasynyň Menjlisler zalynda tanyşdyryş geçirildi. Täze kitap hakynda çykyş eden kitaphana işgärleri, Ak saçly eneler Mähriban Arkadagymyzyň galamynyň ýiti bolmagyny, Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

  • "Ussat Şahyryň şygryýet dünýäsi"

    Şu gün Balkan welaýat kitaphanasynyň miras otagynda Hyzmat ediş bölüminiň kitaphanaçylary hem-de Balkanabat şäheriniň 18-nji orta mekdebiniň okuwçylarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy, şahyr Berdinazar Hudaýnazarowyň doglan gününiň 95 ýyllygyna bagyşlanyp "Ussat şahyryň şygryýet dünýäsi" ady bilen çeper okaýyş geçirildi. Çärede B.Hudaýnazarowyň ömri we döredijiligi barada täsirli çykyşlar edildi. Şahyryň birnäçe ajaýyp goşgylary okaldy. Bize şeýle ajaýyp durmuşy peşgeş beren Hormatly Prezidentmiziň jany sag, başy dik bolup, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri rowaç alsyn!

  • "Arkadagyň ylhamy gelejegiň melhemi"

    "Arkadagyň ylhamy gelejegiň melhemi" ady bilen Döwlet kitaphanasynyň guramagynda bäş welaýatyň Medeniýetde at gazanan işgärleriniň arasynda onlaýyn arkaly duşuşyk geçirildi. Balkan welaýat kitaphansynda hem Türkmenistanyň Medenýetinde at gazanan işgäri Şahyr Nurgözel Gozlyýewa çykyşynda Mähriban Arkadagymyzyň ýiti galamyndan çykan eserlerinden çykyş etdi. "Akadagly Serdarym" atly goşgyny okap berdi. Duşuşyk has-da täsirli, ýatda galyjy boldy. Arkadagly Serdara gatnaşanlar berk jan saglyk, uzak ömür arzuw etdiler.

  • "Şanyňa toý tutulýar Ahal teke bedewi"

    Atly Söhbetdeşlik Balkan welaýat kitaphanasynyň Mejlisler zalynda geçirildi. Kitaphana işgärleri Ahal teke bedewleriniň taryhy, Şu gündäki şöhraty barada myhmanlara gyzykly gürrüňler berdiler. Esasan hem Mähriban Arkadagymyzyň bedewlere goýýan hormat, sylagy barada ýiti galamyndan çykan Bedewler hakyndaky kitaplar barada hem çykyş etdiler. Mähriban Arkadagymyzyň "Gadamy batly Bedewler", "Ahal teke bedewi-Biziň buýsanjymyz we şöhratymyz", "Atda wepa-da bar, Sapa-da" atly kitaplaryna Kitaphanaçylar aýratyn syn hem berdiler.Mähriban Arkadagymyz "Atda wepa-da bar, sapa-da" atly kitabynda-Bedew atlar gerçek gaýratynyň nusgasy-diýip belläp geçmegi, türkmen gerçek ýigitleriniň soňlanmajak arzuwy. Ahal teke bedewi tutuş dünýäniň baýlygy, elbetde şular barada giňişleýin çykyş edenler belläp geçdiler. Söhbetdeşlige gatnaşan myhmanlaryň, okyjylaryň aňynda ýatdan çykmajak pursatlary galdyrdy.

  • "Milli mirasymyz halkyň daýanjy"

    Balkan welaýat kitaphanasy Balkanabat şäheriniň 12-nji orta mekdebinde "Milli mirasymyz halkyň daýanjy" atly çeper okaýyş geçirildi. Çeper okaýyş esasy parahat watanymyzy wasp edýän goşgylary kitaphana işgärleri Mugallymlar, okuwçylar aýdyp berdiler. "Halkyň Arkadagly Zamanasy" ýylynda tarypy edilýän Watan, parahatçylyk hakyndaky goşgylar has-da täsirli boldy. Mundan başga-da täze ösüp gelýän geljegimiz bolan ýaş nesilleriň arasynda wagyz etmek medeniýetimizi we sungatymyzy, milli Mirasymyzy tanatmak esasy borçlarydygyny belläp geçdiler.

  • "Sagdynlygyň, ruhubelentligiň sportyň mekany"

    2022-nji ýylyň aprel aýynyň 7-ne Hyzmat ediş bölüminiň kitaphanaçysy B.Hajymämmedowa 7-nji orta mekdepde "Sagdynlygyň, ruhubelentligiň sportyň mekany" atly göçme sergide syn berýär.

  • "Göreldämiz ýörelgämiz sagdynlyk"

    Balkanabat şäheriniň 17-nji orta mekdebinde "Göreldämiz ýörelgämiz sagdynlyk" ady bilen Balkan welaýat kitaphanasynyň Sungat bölüminiň kitaphanaçysy bilen bilelikde 2022-nji ýylyň aprel aýynyň 7-ne göçme sergi geçirildi.

  • "Bagtyýarlyk sagdynlykdan başlanýar"

    Balkanabat şäheriniň 17-nji orta mekdebinde "Bagtyýarlyk sagdynlykdan başlanýar" ady bilen Balkan welaýat kitaphanasynyň syýasy jemgyýetçilik edebiýatlar bölüminiň kitaphanaçysy bilen bilelikde 2022-nji ýylyň aprel aýynyň 4-8-i gurnalan göçme sergi geçirildi.

  • "Türkmenistan-sagdynlygynyň we rowaçlygyň ýurdy"

    "Türkmenistan-sagdynlygyň we rowaçlygyň ýurdy" ady bilen Balkan welaýat kitaphanasy, Balkanabat şäheriniň saglygy goraýyş işgärleriniň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň geňeşi hem-de Balkan welaýatynyň Sport we ýaşlar syýasaty Baş Müdirligi tarapyndan kitaphananyň "Mejlisler" zalynda 7-nji aprel Bütindünýä saglyk gününe bagyşlap çäre geçirildi çykyş eden kitaphana işgärleri, lukmanlar, tälimçi Mugallymlar ýurdumyzda adam saglygy barada çykyş etdiler. Bilşimiz ýaly döwletimizde türkmen halk lukmançylygynda peýdalanylýan dermanlyk ösümlikleri baradaky Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary hakynda giňişleýin kitaphana işgäri B.Hajymämmedowanyň çykyşy has-da täsirli boldy. Ýurdumyzdaky şypahanalar Arçman, Baýramaly, Mollagar, Daşoguz, Berzeňňi ýaly şypahanalaryň halka peýdasy, ýaramlygy barada hem çykyş eden lukmanlar aýratyn belläp geçdiler, olar hakynda kitaplardan taryhy hakynda Maglumatlar tapyp bolýandygyny kitaphana işgärleri durup geçdiler. Goý, Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhammedowyň mertebesi belent, başy dik, jany sag, eden işi rowaç bolsun!

  • "Ýoluňyz ak, işleriňiz rowaç bolsun"

    Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Balkanabat şäher komiteti we Balkan welaýat Kitaphanasy bilen bilelikde welaýat Kitaphanasynda Hormatly Prezidentimiziň işleriniň rowaçlanmagyna bagyşlanyp "Ýoluňyz ak, işleriňiz rowaç bolsun" atly Maslahat geçirildi. Maslahata edara-kärhanalardan wekiller gatnaşdylar. Çykyş eden kitaphana işgäri Ogulbagt Elýasowa TDP-niň Balkanabat şäher komitetiniň başlygy Nurbibi Dädebaýewa dagylar Hormatly Prezidentimiziň öňünde goýan maksatnamalary bilen tanyş etdiler, işinde rowaçlyklar, ýolunyň ak bolmagyny arzuw etdiler. Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan Döwletine mynasyp Prezident Saýlanmagy halkymyzy diýseň begendirdi, halkynyň aladasyny giňden alada etjek Prezidentimiziň jany-sag, başy dik bolmagyny arzuw etdiler.

  • "Nowruz geldi ilime"

    Nowruz geldi ilime... atly göçme sergi, Balkan welaýat kitaphanasy 15-nji orta mekdepde gurnaldy. Sergide Mähriban Arkadagymyzyň kitaplary hem-de Nowruza degişli kitaplar goýuldy.

  • "Arkadagly illerim Nowruz toýun toýlaýar"

    Balkan welaýat kitaphanasynda "Arkadagly illerim Nowruz toýun toýlaýar" ady bilen halkara milli baýramy bolan Nowruz baýramyna bagyşlap çäre geçirildi. Çärede kitaphana işgärleri Milli Halkara Nowruz baýramy bilen bagly gyzykly gürrüňleri berdiler, goşgy okadylar. Türkmenşynaslyk we düşündiriş kitaphana bölüminiň işgäri Maýsa Alymowa öz taýýarlan "Açyldy zemin lälesi, iş bu dünýä reýhan bu gün" atly gollanmasy bilen çykyş etdi. Çäräniň ahyrynda Mähriban Arkadagymyza alkyşlar aýdyldy.

  • “Kitap-paýhas hazyna” ady bilen geçirilen bäsleşik.

    Balkan welaýat kitaphanasynda “Kitap – paýhas hazyna” ady bilen mekdep okuwçylarynyň arasynda bäsleşik geçirildi. Bäsleşik 5-sany şertden ybarat bolup Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän kitaplardan, şahyrlaryň goşgularyndan “Paýhas çeşmesi” atly kitapdaky nakyllardan soraglar taýýarlanyp berildi. Bäsleşikde iň oňat netije gazanana “Ýylyň iň oňat okyjysy” diýen at bilen Hormat haty gowşuryldy.

  • Ussat bagşyny hormatlap

    Balkan welaýat kitaphanasy Türkmenistanyň halk artisti halypa bagşy Nurberdi Gulowyň 105-ýyllyk ýubileýine bagyşlap “Nurberdi saýrady çopan ýolundan” - atly aýdym-sazly çäre geçirildi. Çärä şäherimizdäki ýörite sungat mekdebiniň talyplary, sungat işgärleri şäherimizdäki 24-nji orta mekdebiniň aýdym-saz mugallymlary we kitaphanaçylar gatnaşdylar. Çärede çykyş edenler ussat bagşynyň döredijiligi we durmuş ýoly, onuň aýdym-saz äleminde aýratyn heň saýlap, özboluşly ýol tapyp ýagny “Çopan ýoluny”- ussatlyk bilen ýerine ýetirişi baradaky çykyşlara giň gerim berildi. Çäräniň dowamynda halypa ussat bagşynyň ýoluny dowam edýän çowluklary Nurberdi we Güýçberdi Gulowlaryň ýerine ýetiren aýdymlary çärä aýratyn öwüşgin çaýdy. Şeýle-de hem Berkarar döwletiň Bagtyýarlyk döwründe milli bagşyçylyk sungatynyň ösmegine, geçmişde aýdym-saz äleminde öçmejek yz galdyran belli şahsyýetlerimizi ýatlamaga giň mümkinçilikler döredip beren Hormatly Prezidentimiziň adyna alkyşly sözler aýdyldy. Çäräniň soňunda ussat bagşynyň hormatyna bagyşlanyp gurnalan “Çopan ýolunyň eýesi” atly kitap sergisine syn edildi.

  • Halkyñ Arkadagly zamanasy

    Balkan welaýat kitaphanasynda "Halkyñ Arkadagly zamanasy" atly çäre geçirildi. Çärede çykyş eden kitaphanaçylar 11-nji fewralda geçen Türkmenistanyñ Milli geñeşiniñ halk maslahatynyñ nobatdan daşary mejlisinde garalan meseleler barada giñişleýin çykyş etdiler. Mähriban Arkadagymyzyñ geljek 30- ýylda ösdürmegiñ esasy ugurlaryny kesgitlejek täze maksatnama "Berkarar döwletiñ täze eýýamynyñ Galkynyşy Türkmenistany 2022-2052- nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiñ Milli maksatnamasy" kabul edildi. Mähriban Arkadagymyz esasan ýaşlara üns berilmegini, olara ýol berilmegini nygtady, şolar barada giñişleýin çykyş eden kitaphana işgärleri gürrüñ berdiler. Kitaphanada Mähriban Arkadagymyzyñ ýiti galamyndan çykan kitaplaryndan "Ýalkym saçýar täze eýýam, Ylhamynda Siz Arkadag! atly kitap sergisi hem guraldy.

  • BEDEW BAÝRAMYNA BAGYŞLANDY

    Balkan welaýat kitaphanasy şeýle at bilen Balkanabat şäherinde ýerleşýän serhet birikmesinde Watan goragçylarynyň güni mynasybetli 21.01.2020-nji ýylda edebi-sazly duşuşyk çäresini geçirdi çärede Watan Mukaddesligi hakynda täsirli çykyşlar, Hormatly Prezidentimiziň “Mertler Watany beýgeldýär” atly kitabyna syn berildi.Watançylyk temasy boýunça sergi gurnaldy.Şeýle hem harby gullukçylaryň ýerine ýetirmeginde joşgunly, buýsançly aýdym sazlar ýaňlandy. "WATAN GORAGY-MUKADDES BORÇDYR!" 2020-nji ýylyň aprel aýynyň 20-ne Balkan welaýat kitaphanasynda “Behişdi bedew” ady bilen möwsümleýin kitap sergisi gurnaldy sergini görmäge gelen adamlar türkmen bedewleri hakyndaky neşirler bilen içgin tanyşdylar.Şeýle hem Balkanbat şäherindäki çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň çeken suratlaryny synladylar. Kitaphananyň “Miras” otagynda şahyrlaryň gatnaşmagynda tegelek stolyň başyndaky söhbetdeşlik geçirildi

  • WATAN GORAGY-MUKADDES BORÇDYR!

    Balkan welaýat kitaphanasy şeýle at bilen Balkanabat şäherinde ýerleşýän serhet birikmesinde Watan goragçylarynyň güni mynasybetli 21.01.2020-nji ýylda edebi-sazly duşuşyk çäresini geçirdi çärede Watan Mukaddesligi hakynda täsirli çykyşlar, Hormatly Prezidentimiziň “Mertler Watany beýgeldýär” atly kitabyna syn berildi.Watançylyk temasy boýunça sergi gurnaldy.Şeýle hem harby gullukçylaryň ýerine ýetirmeginde joşgunly, buýsançly aýdym sazlar ýaňlandy.​